Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
TDH / Syýasat / Habarlary / Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we syýahatçylyk ministrini kabul etdi Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň ykdysad
Syýasy habarlar
TDH / Syýasat / Habarlary / Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we syýahatçylyk ministrini kabul etdi Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň ykdysad
Çap edildi 24.02.2015
1229

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we syýahatçylyk ministri Mihaý Tudoseni kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidentiniň mähirli salamyny ýetirdi, ol ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Şunda jenap Mihaý Tudose Rumynýianyň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin özara bähbitlilik esasynda giň möçberli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz nobatynda, Rumyniýanyň Prezidentine salam aýdyp, ýurdumyzyň hemişe netijeli we işjeň hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny hem-de rumyniýaly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa soňky ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde täze ösüşe eýe boldy. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman söwda-ykdysady ulgamda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we özara haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Ýurdumyzyň başyny başlaýan sebit we halkara ähmiýetli, giň möçberli taslamalaryny nazara almak bilen, senagat pudagy, ylmy tehnologiýalar, şeýle hem energetika we ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Syýahatçylyk ugry boýunça hem özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisinde hem bu ulgamy ösdürmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu toparyň nobatdaky 5-nji mejlisi şu günlerde Aşgabatda geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu ýurduň esasy kompaniýalarynyň 18-siniň wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Duşuşygyň çäklerinde pudaklaryň köpüsi boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň we pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň geçirilmeginiň hem dürli ulgamlarda işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasaty we ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýän Rumynýianyň işewür toparlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiliginiň ýokary bolmagyny şertlendirýär. Şunda jenap Mihaý Tudose Rumyniýa üçin Türkmenistanyň Merkezi Aziýada möhüm strategiki hyzmatdaş bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň rumyn tarapynyň hyzmatdaşlyk baradaky tekliplerine garamaga taýýardygyny belläp, ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmak ugruna eýermek we toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we innowasion tehnologiýalaryny çekmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Munuň özi hem tagallalary birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz we myhman döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyny bellediler. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we syýahatçylyk ministri iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribä hem-de onuň köpugurly kuwwatyna daýanyp, mundan beýläk hem okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow