09.04
2015
1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.
08.04
2015
Şu günler paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Elektrik energiýasynyň halkara söwdasy hem-de elektrik energiýasyny satyn almak we satmak boýunça halkara şertnamalary” atly okuw maslahaty geçirilýär. Ol ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Türkmenenergo” döwlet energetika korporasiýasynyň hünärmenleri gatnaşýarlar.
08.04
2015
Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde halkara gurluşyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
08.04
2015
Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Suşma Swarajy kabul etdi.
08.04
2015
Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatiki işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Helmut — Wolfgang Bretti kabul etdi.
08.04
2015
Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timofti Türkmenistana resmi saparynyň jemleýji güni Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.
08.04
2015
Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň” tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de ýurdumyzda resmi taýdan bellenen halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
07.04
2015
Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timoftiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
06.04
2015
Şu günler döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Bütindünýä saglyk güni bilen gutlaýarlar. Olaryň iberýän hatlarynda şanly seneleriň milli senenamasyna girizilen bu halkara baýramçylygynyň türkmen jemgyýetiniň sagdynlygyny, agzybirligini we jebisligini, ägirt uly döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan aýratyn dabara hökmünde giňden bellenilýändigi nygtalýar.
06.04
2015
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylygy, ynsanperwerligi, döredijiligi we ruhubelentligi dabaralandyrýan bu halkara baýramçylygynyň şanyna geçiriljek çäreleriň beýik geljegimize uly ynam bilen barýan merdana halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn!