12.04
2015
Tegu — Seul, 12-nji aprel (TDH). Koreýa Respublikasynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýurda döwlet saparynyň maksatnamasynyň öňüsyrasynda Tegu şäherinde geçirilýän VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
12.04
2015
Mälim bolşy ýaly, suw tutuş Merkezi Aziýa sebiti, şol sanda Türkmenistan üçin ýaşaýşyň we geljekki ösüşiň iň gymmatly serişdeleriniň biridir. Hut şuňa görä-de, daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Türkmenistanyň «Suw hakyndaky» Kodeksi oba hojalygynda, senagatda we durmuş ulgamynda suwdan peýdalanmagyň hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
11.04
2015
Aşgabat-Tegu, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
11.04
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
11.04
2015
Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Aşgabadyň sport toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen we çeýe bedewler gatnaşdyrylýar.
10.04
2015
11-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen ugraýar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer, şeýle hem VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşar.
10.04
2015
Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlyk giň gerime eýe bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köpsanlysyny dürli sport, bedenterbiýe hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere çekýär.
10.04
2015
Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde gurluşyk toplumynyň edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady. Bu ýerde oňa gatnaşyjylaryň 125-den gowragy, şol sanda 13 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 107-si öz önümlerini görkezdiler.
10.04
2015
Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Elektron döwlet hyzmatlary: halkara we milli tejribe” mowzugy boýunça “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi.
09.04
2015
Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerinirň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.