Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Elektroenergetika: hyzmatdaşlygyň dünýä tejribesi
Ykdysadyýet
Elektroenergetika: hyzmatdaşlygyň dünýä tejribesi
Çap edildi 08.04.2015
1819

Şu günler paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Elektrik energiýasynyň halkara söwdasy hem-de elektrik energiýasyny satyn almak we satmak boýunça halkara şertnamalary” atly okuw maslahaty geçirilýär. Ol ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Türkmenenergo” döwlet energetika korporasiýasynyň hünärmenleri gatnaşýarlar. Elektroenergetika ulgamynda häzirki zaman dünýä tejribesi we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary pikir alyşmalaryň meselesine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler we halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga tarap ugruň alynmagy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň çalt depginler bilen ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hem-de USAID birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Bu hyzmatdaşlyk soňky döwürde täze depgine eýe boldy. Okuw maslahatynyň barşynda kuwwatlyklaryň ätiýaçlyk gorlary bolan ygtybarly elektroenergetika ulgamyny döreden we giňeltmegi dowam edýän Türkmenistanyň halkara energiýa howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmäge işjeň gatnaşmak bilen, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegi artdyrmaga taýýardygy bellenildi. Ýurduň eksport mümkinçilikleri täze kuwwatlyklary gurmak we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň hem-de taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde has-da artýar. Elektrik energiýasy bazarynyň kadalaşdyryjy-hukuk we ykdysady meselelerine hem-de bu ulgamyň hünärmenlerini — hukukçylary we bazary öwreniji ykdysatçylary taýýarlamak, dünýäniň energetika bazarlarynyň isleglerini öwrenmegiň we seljermegiň häzirki zaman usuly bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow