25.05
2015
25-nji maýda ýurdumyzyň orta umumybilim mekdepleriniň müňlerçe uçurymlary üçin “soňky jaňyň” owazy ýaňlandy.
24.05
2015
Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglary iberenler Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň durmuşynda täze sahypanyň açylýandygy, onuň möhüm halkara syýasy, işewürlik, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan iri möçberli işlerinde üstünlikler arzuw edýärler.
24.05
2015
Mähriban uçurymlar!
Sizi bilimleriň ak ýoluna ataran mekdep ýyllarynyň tamamlanyp, ajaýyp arzuwlara, belent maksatlara beslenen durmuş ýoluňyzda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan şatlykly baýram - «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda giňden geçirilýän bu dabaralar bagtyýar ýaşlarymyzyň ýüreklerinde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrsyn!
24.05
2015
Bişkek, 24-nji maý (TDH). Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň A.Maldybaýew adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň uly zalynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Onda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti guraldy.
24.05
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
24.05
2015
Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde- “Ak şäherim Aşgabat” atly ХIV Halkara köpugurly sergisi açyldy.
23.05
2015
Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky sekizinji maslahaty geçirildi. Oňa degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalary girizildi.
23.05
2015
Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahat zalynda Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahaty boldy. Oňa gatnaşmak üçin Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Owganystandan, Pakistandan, Mongoliýadan, şeýle hem Bütindünýä dopinge garşy agentliginden wekiller türkmen paýtagtyna geldiler.
23.05
2015
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIV köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi bilen, bu baýram indi uly şatlyk-şowhunly aýdym-sazlar bilen giňden bellenip geçilýär.
23.05
2015
Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi.