Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 22-nji Maý
Resmi
Resmi habarlar 22-nji Maý
Çap edildi 22.05.2015
1969

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talaba laýyk saklamak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň her birinde gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen bir sany döwrebap sowadyjy ammaryň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak barada degişli ýerli kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we sowadyjy ammarlary 2016-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda Okuw merkeziniň binasynyň we 8-nji kiçi etrapçasynda umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de binalary 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, “Býujet ulgamy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine: Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2015-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek; taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2015-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermek tabşyryldy. Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak üçin, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwerlik däplerine we ýokary ahlak garaýyşlaryna esaslanyp, şeýle hem 2015-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna getiren güýçli ýertitreme netijesinde ejir çeken ilata ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli önümleri we derman serişdelerini ynsanperwer kömegi hökmünde Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyna muzdsuz ibermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow