08.11
2016
Seul, 8-nji noýabr /TDH/. Şu gün düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, belli sazandalar we tansçylar bolan Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän türki medeniýetiniň halkara festiwalynyň açylyş dabarayna gatnaşdy.
07.11
2016
Aşgabat-Kuala-Lumpur, 7-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
07.11
2016
Aşgabat, 7-nji noýabr (TDH). Şu şün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan “Energetika, ulag we senagat ulgamlarynda tehnologiýa hyzmatdaşlygy we teklipler” atly maslahat geçirildi.
06.11
2016
Aşgabat, 6-njy noýabr (TDH). Şu gün Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň oýun görnüşleri toplumynda geçen 3х3 basketbol boýunça halkara ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi. Türkmen türgenleri erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda altyn we kümüş medallary zenanlaryň arasynda bolsa altyn medaly eýelediler.
06.11
2016
Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Moskwadaky sergi toplumynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Gadymy Merwiň täsin rowaýatlary” atly kitabyň tanyşdyryş sergisi geçirildi.
06.11
2016
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size, Hökümetiňize we halkyňyza iň mählili gutlaglarymy beýan edýärin.
05.11
2016
Hormatly jenap Prezident,
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Horwatiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň ýurduňyzyň we halkyňyzyň abadançylygy baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.
04.11
2016
Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de ozal kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.11
2016
Şu gün, 5-nji noýabrda, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda 3x3 görnüşindäki basketbol boýunça halkara ýaryşy açylýar. Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Aşgabada ýygnandylar. Türkmenistan ýer eýesiniň hukuklarynda erkekler we zenanlar gatnaşyjylarynyň arasynda birnäçe toparlary çykardy.
04.11
2016
Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Ulugbek Rozukulowy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada geldi.