Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistan türki medeniýetiniň festiwalyna gatnaşýar
Medeniýet
Türkmenistan türki medeniýetiniň festiwalyna gatnaşýar
Çap edildi 08.11.2016
2353

Seul, 8-nji noýabr /TDH/. Şu gün düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, belli sazandalar we tansçylar bolan Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän türki medeniýetiniň halkara festiwalynyň açylyş dabarayna gatnaşdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň dürli halkara forumlaryna gatnaşmagynyň maksady türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny dünýäde hemmetaraplaýyn wagyz etmekden, aýdym-saz, horeografiýa, teatr, şekillendiriş we sungatyň beýleki görnüşlerinde häzirki zaman üstünliklerini görkezmekden, tejribe alyşmakdan, hyzmatdaşlygy berkitmekden we ösdürmekden ybaratdyr. Soňky ýyllarda ynsanperwer ulgamynda işjeňleşen giň halkara gatnaşyklary medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna, döredijilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde Türkmenistanyň üstünlikli ösdürýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam edýär. Muňa dünýäniň türki dilli ýurtlary bilen özara hereket etmegiň oňyn depgini mysal bolup biler. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň we müňýyllyklaryň çuňluklaryna uzap gidýän taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär. Häzir bu däpler täze mazmun bilen üsti ýetirilip, hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin örän oňaýly ýagdaýlary döretdi. Şol hyzmatdaşlygyň esasynda rowaçlyga we gülläp ösüşe tarap hoşniýetli erk we ymtylyş durýar. Häzirki forum hem şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Halkara festiwalyna gatnaşmak üçin, şeýle hem Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Türkiýeden medeniýet işgärleri Koreýa Respublikasyna geldiler. Wekiliýetleriň düzüminde folklor-etnografiýa toparlary, halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, meşhur tans toparlary, kino sungatynyň wekilleri, suratkeşler we amaly-haşam döredijiliginiň ussatlary, döwrebap milli egin-eşikleriniň dizaýnerleri bar. Şeýle hem türki halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, medeniýetleriň özara täsirlerini mundan beýläk-de öwrenmegiň we dünýä ýaýmagyň meseleleri halkara festiwalynyň maksatnamasyna goşuldy. Festiwalyň dabaraly açylyşy Koreýanyň Milli muzeýiniň Ýon teatrynda geçirildi. Wekiliýetleriň agzalary öz çykyşlarynda türki dilli ýurtlaryň halklarynyň döredijilik we ruhy aragatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda, olaryň umumadamzat medeni genji-hazynasyna uly goşandy bolup durýan baý milli gymmatlygyny öwrenmekde häzirki forumyň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi türki dilli döwletleriň halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär, medeni mirasymyzyň has-da baýlaşmagyna ýardam edýär. Dabaranyň resmi böleginden soň, konsert maksatnamasy başlandy. Ony festiwala gatnaşyjylaryň ajaýyp çykyşlary düzdi. Estrada aýdymlaryny görnükli ýerine ýetirijiler, “Galkynyş” folklor-tans topary, bagşylar milli türkmen medeniýetini ähli köpöwüşginliliginde görkezdiler. Türkmen artistleriniň ýerine ýetirmegindäki däp-dessurlary beýan edýän owadan hereketler hiç kimi biparh goýmady. Ajaýyp egin-eşikler, milli saz gurallarynyň hoş owazlary, joşgunly aýdymlar, artistleriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren hereketleri bu ýere ýygnananlaryň gadymy we baky juwan Türkmenistanyň ruhuny duýmagyna mümkinçilik berdi. Konserte ähli gatnaşyjylaryň bilelikdäki çykyşy ajaýyp döredijilik şowhunynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Ol çykyş halklaryň parahatçylygynyň, dostlugynyň we döredijilik taýdan birleşmesiniň hakyky senasy bolup ýaňlandy. Teatryň eýwanynda milli egin-eşikleriň nusgalarynyň sergisi hem-de fotosergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türki halklaryň däp-dessurlary, özboluşly sungaty barada gürrüň berilýär. Festiwalyň çäklerinde kinoforum geçiriler. Tomaşaçylara nusgawy türkmen kinosy bolan “Şükür bagşy” diýen çeper film görkeziler. Bu filmiň wajyplygy beýik türkmen sazandasy hem-de halkymyzyň iň söýgüli ynsanlarynyň biri bolan hut Şükür bagşa bagyşlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda ýazan “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen täze kitabynyň neşir edilmegi bilen hem ýüze çykýar. Milli Liderimiziň bu işi döwürleriň we nesilleriň, milli medeniýetiň taryhynyň we häzirki döwrüniň aýrylmaz arabaglanyşygynyň duýgularyna beslenendir. Bu milli medeniýetde bagşyçylyk mekdebi aýratyn orun tutýar. Şeýle hem yorumyň maksatnamasynda festiwala gatnaşyjylaryň “tegelek stoluň” başynda duşuşygy meýilleşdirildi. Festiwal dostlary, pikirdeşleri we tomaşaçylary bir ýere jemleýän baýramçylykdyr. Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň türki medeniýetiniň halkara festiwalyna gatnaşmagy türkmen halkynyň köptaraply we özboluşly medeniýeti hem-de bu möhüm ulgamda ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleri bilen döredijilik forumyna köpsanly daşary ýurtly gatnaşyjylary tanyşdyrmaga ýene-de bir ajaýyp mümkinçilikdir.

Soňky habarlar
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow