Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň Russiýadaky şekillendiriş sungatynyň tanyşdyryş sergisi
Medeniýet
Türkmenistanyň Russiýadaky şekillendiriş sungatynyň tanyşdyryş sergisi
Çap edildi 06.11.2016
2726

Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Moskwadaky sergi toplumynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Gadymy Merwiň täsin rowaýatlary” atly kitabyň tanyşdyryş sergisi geçirildi. Kitabyň neşir edilmeginiň hem-de şu gezekki döredijilik çäresiniň wezipesi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň maksatlaryna, milli Liderimiz tarapyndan dünýäde türkmen medeniýetini, onuň örän baý mirasyny wagyz etmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyk gelýär. Ajaýyp bezelen bu kitaba kitap neşirçileri halkara bileleşiginiň bilermenleri ýokary baha berdiler hem-de ýakynda geçirilen Moskwanyň 29-njy halkara kitap sergi –ýarmarkasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň “Kitap sungaty” atly XXIII halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girizildi. Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde geçirilen bu tanyşdyryş sergisi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Moskwanyň giň jemgyýetçiligine türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni mirasynyň çeperçilik many-mazmunyny açyp görkezmäge, milli şekillendiriş sungatynyň nusgalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Çäräniň guramaçylary neşir bilen tanyşdyrmagyň barşynda kitabyň sahypalarynda ýerleşdirilen işleriň sergisini guramak arkaly kitap bilen tanyşdyrmagyň täze usulyny saýladylar. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň nakgaş hem-de grafika işleriniň 60-a golaýy häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungaty bilen gyzyklanýanlary tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň baş sergi zalynda akademiýanyň prezidenti, belli nakgaş, heýkeltaraş we dizaýner, professor Zurab Sereteli serginiň myhmanlaryny gutlap, bu serginiň nakgaşçylyk we grafika eserleriniň ajaýyp nusgalary bilen tanyşmaga, türkmen medeniýeti baradaky düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini hem-de belent ruha ýugrulan köp asyrlyk halk däp-dessurlaryna esaslanýandygyny belledi. Russiýanyň şekillendiriş sungatynyň meşhur ussady türkmen suratkeşleriniň işlerinde milli ruhuň çeşmelerine aýawly çemeleşmegiň halkyň medeni mirasynyň çuňňur pelsepe taýdan seljerilmegi bilen utgaşýandygyny nygtady. Sergide görkezilen işler aýdyň öwüşginli hem-de ajaýyp nusgalar bilen beslenen milli şekillendiriş sungatynyň dünýäsini onuň muşdaklaryna ýakynlaşdyrýar hem-de ene topragyň çuňňur medeni däp-dessurlary, şeýle hem gülläp ösýän häzirki jemgyýet barada söhbet açýar. Zurab Sereteli “Gadymy Merwiň täsin rowaýatlary” atly çeper kitap – albomy buýsanç bilen sowgat hökmünde kabul edip, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň şu sergide işleri görkezilýän türkmen suratçylarynyň onusyna minnetdarlyk diplomlaryny taýýarlandygyny yglan etdi. Serginiň guramaçylarynyň biri hem Suratkeşler birleşiginiň halkara konfederasiýasydyr. “Suratkeşler birleşiginiň halkara konfederasiýasy” jemgyýetçilik birleşikleriniň assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň prezidiumynyň hakyky agzasy Masut Fatkulin sergi baradaky pikirlerini paýlaşdy: GDA-nyň döredilmeginiň 25 ýyllygynda Arkalaşygyň suratkeşler bileleşigi tarapyndan şu ýyllaryň içinde özara baýlaşdyrýan döredijilik gatnaşyklarynyň hiç haçan togtadylmandygy guwançly ýagdaýdyr. Muňa Garaşsz Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ussatlary hem işjeň gatnaşýarlar. Milli däp-dessurlara örän baý ýurt bolan Türkmenistanda döwletiň halkyň ägirt uly taryhy- medeni mirasyny gorap saklamak we artdyrmak işinde örän işjeň orun eýeleýändigini bellemek möhümdir. Şu ýyl Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edildi. Munuň özi türkmen suratkeşleriniň işinde hem aýdyň beýanyny tapýar. Serginiň köpsanly myhmanlary şu ýylyň tomsunda Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini, şeýle hem taraplaryň “Daşoguz -- 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty” maksatnamasynyň çärelerine gatnaşmaklarynda iki ýurduň ynsanperwer gatnaşyklaryny ýatlap, öz duýgularyny beýan etdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Wladimir Putiniň ýakynda Soçide bolan duşuşygynda bolsa Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynda ynsanperwer ugrunyň uly orun eýeleýändigi tassyklanyldy. Iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýene bir aýdyň sahypasy bolan Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynda geçirilen tanyşdyryş sergisi hem ajaýyp öwüşgüni, türkmen topragynyň gözellikleri hem-de ynsanlaryň arasyndaky mähirli gatnaşyklaryň nyşany hökmünde myhmanlaryň ýadynda galar.

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow