10.11 2016
Kwanju, 10-njy noýabr /TDH/. Şu gün türki medeniýetiň Halkara festiwalynyň çäklerinde Kwanju şäheriniň Aziýa medeni merkeziniň teatrynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Ozal habar berlişi ýaly, foruma biziň ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Onuň düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, görnükli bagşy-sazandalar, “Galkynyş” folklor-tans topary, muzeý işgärleri bar.
10.11 2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa gutlag hatyny iberdi.
10.11 2016
Buhara, 10-njy noýabr /TDH/. Şu gün Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň dostluk konserti boldy.
10.11 2016
Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşen seýilgähde garaşsyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyran görnükli syýasatçy we döwlet işgäri Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.
09.11 2016
Daşkent, 9-njy noýabr (TDH). Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyndaky döredijilik çäresiniň ikinji güni özbek doganlarymyzy türkmen sungatynyň geçen asyrlardaky we häzirki döwürdäki täsin özboluşlylygy bilen tanyşdyrýan çärelere baý boldy.
09.11 2016
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mätiýew Berdiniýaz Gurbanberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de oňa ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmelidigi duýduryldy.
09.11 2016
Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
09.11 2016
Awaza, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde VIII Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümlerine, şeýle hem dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň abraýly maliýe guramalaryna we kompaniýalaryna degişli wekiller gatnaşýarlar.
08.11 2016
Kuala-Lumpur, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul Razakyň arasynda gepleşikler geçirildi.
08.11 2016
Daşkent, 8-nji noýabr /TDH/. Şu gün özbek paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.
1529 sahypa
Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda