Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 04.11.2016
1376

Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Ulugbek Rozukulowy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda mümkinçilik döredendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de milli Liderimize we türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň Türkmenistan bilen doly möçberli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar bolsa taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ýurdumyzy Özbegistan bilen öňden gelýän has ýakyn we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz ýakyn goňşular, şol sanda Özbegistan bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we geljegi üçin meýilnamalary babatda esasy ugurlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady ulgamda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda işewür gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de işjeňleşdirmegiň netijeli guraly hökmünde Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Ulag-aragatnaşyk ulgamy hem özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda Türkmenistan halkara ähmiýetli we giň möçberli taslamalaryň ençemesini amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň tutuş sebiti okgunly ösdürmegiň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyp, Özbegistanyň wekillerini şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Munuň özi taryhyň dowamynda emele gelen türkmen we özbek halklarynyň medeni kökleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň hem-de köpasyrlyk däp-dessurlarynyň umumylygy bilen şertlendirilendir. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow gatnaşdy.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow