13.01 2017
2016-njy ýylda Türkmenistanda durmuş, ykdysady we medeni ulgamlarda hemme görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan Lebap welaýatynyň Farap etraby iň oňat diýlip ykrar edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, etrabyň häkimligi ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy. Pul baýragy Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölünip berler.
13.01 2017
2017-nji ýylda Türkmenistanda gurluşyk pudagynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 42 milliard 700 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirmek maksat edinilýär. Şolardan 34 millard 900 million manady ýa-da 81,6 göterimi önümçilik ähmiýetli desgalaryň, 7 milliard 800 million manady ýa-da 18,4 göterimi bolsa önümçilik däl desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Bular barada şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
13.01 2017
Her ýyl täze edaralar bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň üsti ýetirilýär. Diňe 2016-njy ýylda Türkmenistanda bilim edaralarynyň 35-si ulanmaga berildi.
13.01 2017
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2016-njy ýylda senagat önümleri 2015-nji ýyldakydan 41 göterim köp öndürildi.
13.01 2017
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga sebitiň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
11.01 2017
Ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynda üýtgetmeler barada maglumatlary we düşündirmeleri yzygiderli berýän, şeýle hem öz sahypalarynda bilermen-maslahat işlerini alyp barýan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
11.01 2017
Saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary dowam edýär. Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Maksat Annanepesow bilen duşuşyk Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda, Jumanazar Annaýew bilen duşuşyk Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet köşgünde geçiriler.
11.01 2017
Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär - Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşygy boldy.
11.01 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we pakistanly diplomat hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
11.01 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň hemişelik wekili, Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi. Ol ynanç hatyny gowşurdy.
1528 sahypa
Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar