Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy
Ykdysadyýet
Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy
Çap edildi 11.01.2017
2285

Ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynda üýtgetmeler barada maglumatlary we düşündirmeleri yzygiderli berýän, şeýle hem öz sahypalarynda bilermen-maslahat işlerini alyp barýan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnal hünärmenler köpçüligine niýetlenen bolsa-da, okyjylaryň has giň toparynyň ünsüni hem özüne çekýär. Salgyt salmak meselelerinde sowatlylyk – jemgyýetiň umumy hukuk medeniýetiniň bir bölegi bolup, onuň derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny döretmegiň, maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň, ykdysady işleriň täze görnüşleriniň we nusgalarynyň, maliýe gurallarynyň peýda bolmagynyň şertlerinde möhüm wezipeleriň biri boulp durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň işiniň takyk guralmagyny talap etmek bilen, salgyt salmagyň ornuny sazlaşykly ykdysady syýasatyň guraly hökmünde görkezýär, aýratyn-da, halk hojalygynyň hususy böleginiň çalt depginlerde ösmeginiň, telekeçileriň milli maksatnamalary amala aşyrmaga goşandynyň artmagynyň kiçi we orta işewürligiň täze görnüşleriniň peýda bolmagy bilen baglylykda ähmiýetiniň uludygyny belleýär. Žurnalyň täze sany “Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty” atly syn-seljeriş makalasy bilen açylýar. Onda biziň ýurdumyzyň milli bähbitleriniň we wezipeleriniň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bilen özara baglanyşygy açylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly salgyt ýagdaýyny döretmek boýunça salgyt ulgamynyň wezipelerine garalýar. Iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýarmak hakynda döwletara ylalalaşyklary ýaly kadalaşdyrmanyň gurallaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şol ylalaşyklary Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň 33-si bilen baglaşdy. Žurnalda “Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, Salgyt kodeksine, hususan-da, salgyt gözden geçirmeleri we reýd salgyt barlaglary hakynda madda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, şeýle hem “Eýeçilik hakynda” Kanun çap edildi. “Düşündirişler” atly rubrikada hünärmenleriň goşulan baha üçin salgydyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilmeli möçberini hasaplamagyň tertibi hem-de anyk ýagdaýlarda we ugurlarda, mysal üçin, ýerasty baýlyklaryndan peýdalanmak, emlägi karzyna bermek babatda salgyt kanunçylygynyň aýry-aýry düzgünlerini ulanmagyň tertibi hakynda taýýarlan düşündirişleri berildi. Okyjy “Sowal-jogap” diýen bölümde hem peýdalay maglumatlary tapar. Bu bölümde salgyt meseleleri boýunça maglumatlar hem-de ol ýa beýleki ýagdaýda mesleleriň çözüdi barada maslahatlar bilen tanyşmak bolýar. Şeýlelikde, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän maliýe-ykdysady žurnal okyjylaryň giň toparyna, şol sanda daşary ýurtly okyjylara ýurdumyzň salgyt ulgamynda täze üýtgetmeler barada habarly bolmaga, şeýle hem hukuk goldawyny almaga mümkinçilik döredýär.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow