13.01
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Dörtguly Gurbannepesowyň üstüne ýüklenildi.
13.01
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dünýägözel Çaryýarowna Nurmedowa Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
13.01
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde duran wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.
13.01
2017
2016-njy ýylda milli parlamnet – Türkmenistanyň Mejlisi alty maslahat geçirip, olarda Kanunlaryň 85-sini we Kararlaryň 86-syny kabul etdi, halkara şertnamalarynyň birnäçesini tassyklady. 2017-nji ýylda ýurdumyzda durmuş-ykdysady maksatnamalaryň hukuk üpjünçiligine, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň demokratik ýörelgeleriniň anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler.
13.01
2017
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde, biz ýurdumyzyň ýubileý ýylyny, ýolbaşçylaryň hasabatyndan görnüşi ýaly, oňat netijeler bilen tamamladyk. Şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde bitaraplyk syýasatymyzyň ýurdumyzyň ösüşine oňyn we durnukly täsir edýändigini bütin dünýä subut etdik.
13.01
2017
2016-njy ýylda, umuman, senagat pudagynda jemi öndürilen önümiň möçberi 59,4 milliard manada ýetip, onuň ýarysyndan gowragy ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegi tarapyndan öndürildi.
13.01
2017
2016-njy ýylda Türkmenistanda durmuş, ykdysady we medeni ulgamlarda hemme görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan Lebap welaýatynyň Farap etraby iň oňat diýlip ykrar edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, etrabyň häkimligi ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy. Pul baýragy Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölünip berler.
13.01
2017
2017-nji ýylda Türkmenistanda gurluşyk pudagynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 42 milliard 700 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirmek maksat edinilýär. Şolardan 34 millard 900 million manady ýa-da 81,6 göterimi önümçilik ähmiýetli desgalaryň, 7 milliard 800 million manady ýa-da 18,4 göterimi bolsa önümçilik däl desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Bular barada şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
13.01
2017
Her ýyl täze edaralar bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň üsti ýetirilýär. Diňe 2016-njy ýylda Türkmenistanda bilim edaralarynyň 35-si ulanmaga berildi.
13.01
2017
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2016-njy ýylda senagat önümleri 2015-nji ýyldakydan 41 göterim köp öndürildi.