Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Jumanazar Annaýew Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Jumanazar Annaýew Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Çap edildi 13.01.2017
1216

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga sebitiň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Ýokary döwlet wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen hem-de daýhan birleşiginiň işgäri bolmakdan welaýatyň häkiminiň orunbasary derejesine çenli ýoly geçen dalaşgäriň zähmet terjimehaly giňişleýin beýan edildi. Dalaşgäriň ynanylan wekili geljekki ösüşler barada pikirleniş hem-de jogapkärçilikli raýat garaýşy, dalaşgäriň şahsy häsiýetleri mahsus bolan J.Annaýewiň guramaçylyk ukyplaryny we hünär ussatlygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berdi. J. Annaýew ýurdumyzyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, deňhukukly halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, yzygiderli ykdysady ösüşlere we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy barda jikme-jik gürrüň berdi. Dalaşgär, ilkinji nobatda, döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklary bolan nebitgaz, energetika, himiýa, oba hojalygy pudaklarynyň ösdürilmegine ünsi jemledi. Möhüm durmuş meseleleriniň çözülmegi şol ulgamlaryň kuwwatyna baglydyr. Duşuşygyň barşynda J.Annaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Bu ýere ýygnananlary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljegi, ylmyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň gazananlaryny ornaşdyrmak, oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça meýilleşdirilýän maksatnamalar we çäreler, iş bilen üpjünçilik hem-de täze iş ýerleriniň döredilmegi ýaly meseleler gyzyklandyrdy. Ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berildi.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow