Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär M. Annanepesow Ahal welaýatynda saýlawçylar bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär M. Annanepesow Ahal welaýatynda saýlawçylar bilen duşuşdy
Çap edildi 11.01.2017
1176

Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär - Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşygy boldy. Änew şäheriniň Medeniýet öýüne ýygnanan hormatly ýaşulular, ýerli häkimiýet edaralarynyň, sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň we daýhan birleşikleriniň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryldy. Dalaşgäriň ynanylan wekili dalaşgäri abraýly, örän uly iş tejribesi hem-de bilimi bolan işbaşarjaň ýolbaşçy, ýurduna hem-de halkyna wepaly pähim-paýhasly adam hökmünde häsiýetlendirip, saýlawçylara saýlaw gününde M.Annanepesow üçin öz seslerini bermeklerini maslahat berdi. Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgär M.Annanepesow saýlaw maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, «açyk gapylar» syýasatyny dowam etdirmegi, halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmegi, Türkmenistanyň parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini nygtady. Içeri syýasatyň esasy ugurlary durmuş üpjünçiligi, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz we beýleki pudaklarda, önümçilik desgalarynyň gurluşygynda özgertmeleri çuňlaşdyrmakdan, halkara forumlarynyň, sergileriniň, ylmy maslahatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. M. Annanepesow ýygnananlaryň köpsanly sowallaryna jogap berdi hem-de saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir bölümlerini anyklaşdyrdy.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow