30.06 2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
30.06 2017
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň ikisine, kümüş medallaryň üçüsine hem-de bürünç medallaryň altysyna mynasyp boldular.
29.06 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary çagyryldy.
29.06 2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ulgamynyň täze desgasynyň – paýtagtymyzyň Arçabil etrabynda bina edilen “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze bina Köpetdagyň belent dag depeleriniň golaýynda ajaýyp jülgede peýda boldy. “Gala” medeni-dynç alyş merkezi ýerli tebigat aýratynlyklar bilen sazlaşyp, Aşgabatda hem-de tutuş ýurdumyzda kemala gelýän häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirip, halkymyzyň däp bolan myhmansöýerliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýan dynç alyş ulgamynyň desgalarynyň birine öwrüler.
29.06 2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň telefon arkaly gürrüňdeşligi boldy.
29.06 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.
29.06 2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
29.06 2017
Şu gün ““EKSPO-2017” Halkara ýöriteleşdirilen sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gabat gelen Türkmenistanyň Milli gününiň dabaralary boldy. Türkmenistanyň sergisini guraýjylar bu waka mynasybetli medeni maksatnama taýýarladylar. Türkmen bölüminde ähli myhmanlara milli aşhananyň tagamlary hödür edildi.
29.06 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
29.06 2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşdy.
1527 sahypa
Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara