Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň hökümetiniň Başlygynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň hökümetiniň Başlygynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 29.06.2017
1387

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Russiýanyň Hökümetiniň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 60 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň möçberli işlerinde täze uly üstünlikler arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, Dmitriý Medwedýew Russiýany we Türkmenistany birleşdirýän dostluk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine berýän şahsy ýardamy üçin türkmen Liderine aýratyn hoşallygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz doglan güni mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu gün Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy iki döwletiň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine uly ähmiýet berip, giň gerimli ugurlar boýunça üstünlikli hereket edýärler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň tutýan oňyn orny bellenilip geçildi. Bu toparyň işi netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Türkmenistanda iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine rus kompaniýalarynyň gatnaşmagy uly kuwwata eýe bolan işjeň ösdürilýän ykdysady hyzmatdaşlygyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Bu ýagdaýy gutlaýarys hem-de bu ulgamda özara gatnaşyklarymyzy dowam etmegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedýew öňden gelýän, ýygjam ylym-bilim hem-de medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de höweslendirilmegi baradaky pikiri aýtdylar. Bu bolsa iki döwletiň halklaryny ýakynlaşdyrmagyň, olaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň berkidilmeginiň möhüm ýagdaýydyr. Türkmenistan wagtyň synagyndan geçen iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, ruhy-medeni aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dmitriý Medwedýewi bu iri sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Söhbetdeşler hoşlaşanlarynda, däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdürilip täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow