Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyldy
Çap edildi 29.06.2017
1486

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň telefon arkaly gürrüňdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, işjeň we deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Özüniň türkmen kärdeşini 60 ýaşynyň dolmagy bilen mähirli gutlap we milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw edip, Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini iki döwletiň arasyndaky möhüm hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin, Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekendigini habar berdi. Mähirli gutlaglar we bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hormatly sylagy Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüji döredijilikli syýasatyna berlen ýokary baha, şeýle hem türkmen-rus netijeli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändiginiň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmek we ynanyşmak derejesi mundan beýläk-de döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin pugta esas bolup, hyzmat eder diýip, ynam bildirdi. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda taryhy gatnaşyklary bilen baglanyşýan iki halkyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär. Telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edilýän tagallalary utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem taraplar sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşyp, iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny tassykladylar. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz russiýaly kärdeşini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy we Russiýanyň Baştutanynyň bu saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Telefon arkaly gürrüňdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň dostluk we möhüm hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar hem-de birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow