Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 29.06.2017
1403

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşdy. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, 60 ýaşynyň dolmagy bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, giň gerimli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýylsaýyn täze mazmuna eýe bolýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bähbitleriň umumydygy hem-de ähli ugurlarda özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge syýasy erkiň bolmagy bilen şertlendirilendir. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar strategik häsiýete hem-de köpýyllyk tejribä eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Hususan-da, Özbegistanyň “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar ” (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) halkara geçelgesini döretmäge örän işjeň gatnaşmaga taýýarlygyny goldap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň işewür toparlaryny ýerine ýetirilmegi anyk tapgyra gadam goýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyna, şeýle-de Hazaryň ýalpaklygynda nebitgaz ýataklaryny işlemäge gatnaşmaga çagyrdy. Ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Onuň esasyny iki ýurduň halklaryny asyrlarboýy birleşdirýän medeni we ruhy däpleriň umumylygy düzýär. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurtda-da ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine degip geçip, Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri özbek türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hökman gatnaşjakdygyny belledi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman däbe öwrülen dostlukly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösjekdigine ynam bildirip, iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow