Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2017
1337

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirmek bilen, pursatdan peýdaldanyp, türkmen Liderine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewden mähirli salam ýetirdi. Jenap Askar Maminiň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýun aýynda Gazagystan Respublikasyna bolan iş sapary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ösüşinde täze möhüm sahypany açdy hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we ösdürilmegine hyzmat eder. Şol saparyň çäklerinde milli Liderimiz “Astana EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz öz gazak kärdeşine salam aýdyp, Türkmenistan üçin Gazagystanyň möhüm wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Bu ýurt bilen gatnaşyklar uzakmöhletli, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýar. Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine öz ýurdunyň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Türkmenistanda bolup geçýän ösüşlere beslenen özgertmelere, şol sanda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda türkmen sportuny ösdürmek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly meýilnamalara begençli garaýandygyny belledi. Hatarynda sentýabr aýynda Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin Aşgabatda bina edilen Olimpiýa şäherjigi bolan dünýä derejeli ajaýyp sport desgalary häzirki zaman sport düzümlerine eýe bolan ýurt hökmünde-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanmany şertlendirýär diýip, jenap Askar Mamin nygtady. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen Lideri we myhman, şeýle hem birnäçe esasy ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda hem-de döwletara gatnaşyklarynyň wajyp we aýrylmaz bölegi bolup durýan medeni-ynsanperwer ulgamynda türkmen-gazak hyzmatdžaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow