17.07
2017
7-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginiň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemine bagyşlanan çykyşynda ýakyn geljek üçin anyk wezipeleri kesgitledi.
15.07
2017
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda “Ak bugdaýyň mekany” atly sergi guraldy.
15.07
2017
Bu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
15.07
2017
Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen utgaşdy. Şäheriň ýol-ulag düzüminiň işiniň kämilleşdirilmeginde möhüm orun eýeleýän täze köçe açyldy. Onuň gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk serişdeleri işjeň peýdalanyldy. Umumy uzynlygy 4 müň metrden gowrak bolan bu ýoluň gurluşygy häzirki zaman talaplaryna we halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär. Onuň ugrunda inženerçilik ulgamlary bilen bir hatarda degişli ýol belgileri döwrebap yşyklandyryş ulgamy çekildi we ugurdaş desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
15.07
2017
Paýtagtymyzyň Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasynyň açylyş dabarasy ýaýbaňlandyryldy. 2011-nji ýylda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan esaslandyrylan bu bank maliýe ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilýän döwründe möhüm serişdeleriň birine öwrüldi.
15.07
2017
Şu gün täze binalaryň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralar paýtagtymyzyň günbatar künjeginde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 68-si gurlup ulanmaga berildi.
15.07
2017
Şu gün ýurdumyzyň baş şäherinde ykdysady we durmuş maksatly binalaryň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, täze ýollaryň açylyş dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň birbada 5-siniň açylyş dabarasy boldy.
14.07
2017
Diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlet halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen netijeli durmuş ugurly syýasaty meýilleşdirmek esasynda ýylyň-ýylyna durmuşa geçirmäge ukyplydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
13.07
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Medeniýet Watanymyzy ösdürmegiň möhüm ugrudyr”
Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda medeniýeti, döwlet ideologiýasyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly we öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine bagyşlanyp, 7-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde bu ulgamyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýan wezipeleri munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
12.07
2017
Şu gün paýtagtymyzda pudagara iş toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça geçirilen işlere syn berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan duşuşyga esasy ylmy-kliniki merkezleriň, ministrlikleriň hem-de edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.