21.07
2017
Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannis hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
21.07
2017
Aşgabadyň gür ilatly ýerinde ulanmaga berlen Saglyk öýi maşgala lukmanlary hem-de beýleki hünärmenler we zerur bolan işgärler bilen üpjün edildi. Ol keseli anyklaýyş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, enjamlar arkaly anyklaýyş, aýallara maslahat beriş, hirurgiýa, stomatologiýa, fiziobejeriş, bejeriş-bedenterbiýe, barlaghana we gündizki hassahana bölümlerinden ybaratdyr.
21.07
2017
Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça ylmy maslahat guraldy.
20.07
2017
Mary welaýatynyň merkezinde täze ýöriteleşdirilen hassahananyň — Iç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
20.07
2017
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ygtyýaryna döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň gelmegi dowam edýär. Ine, täze ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda ýurdumyza “John Deere 8245R” sürüm traktorlarynyň, şeýle hem bütin dünýä meşhur “CLAAS” maşyngurluşyk kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) “AXOS 340 CX” köpugurly traktorlarynyň birinji tapgyry gelip gowuşdy.
19.07
2017
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen arhiwi” taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzyň arhiw işiniň ösüşine goldaw bermek, bu ulgamda gazanylanlary giňden beýan etmek bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirildi.
19.07
2017
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine Ýetiriji komiteti “Dragon Oil” (Türkmenistan) Ltd kompaniýasynyň “Aşgabat—2017” oýunlaryna resmi hyzmatdaşy hökmünde goşulýandygyny mälim etdi.
19.07
2017
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Ony ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkezi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde gurady.
17.07
2017
Türkmen paýtagtynda “Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly 5 günlük okuw geçirilýär, ony Halkara umman instituty (International Ocean Institute - IOI) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy bilen bilelikde guraýar.
17.07
2017
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynda “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary baradaky hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegine bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Oňa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň iş toparynyň agzalary gatnaşdylar.