Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Döwlet muzeýinde ekerançylyk däplerine bagyşlanan sergi öz işine başlady
Medeniýet
Döwlet muzeýinde ekerançylyk däplerine bagyşlanan sergi öz işine başlady
Çap edildi 15.07.2017
2871

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda “Ak bugdaýyň mekany” atly sergi guraldy. Sergä gatnaşyjylara asylly däbe görä, duz-çörek bilen garşylandy we olar saçak başyna çagyryldy. Myhmanlaryň türkmen çöregi, pişme, külçe ýaly milli tagamlar hödürlenildi. Sergä gatnaşyjylar muzeýiň işgärleriniň adamzat taryhynda ilkinji bolup, türkmen topragynda bugdaýyň we arpanyň ösdürilip ýetişdirilendigi, ak bugdaýdan tagamly çörekleriň bişirilendigi baradaky gürrüňlerini diňläp, serginiň önümleri bilen tanyşdylar. Muzeýiň eýwanynda ekerançylygyň gadymy däpleri, pederlerimiziň ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak hakynda eden yzygiderli aladalary barada gürrüň berýän gymmatlyklar goýlupdyr. Häzirki döwürde asyrlar aşyp gelýän milli ekerançylyk däpleri täze tehnikalaryň mümkinçilikleri, ylmyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, häzirki zaman ekerançylyk medeniýetiniň esasyny düzýär. Şunlukda, Türkmenistan dänäni eksport edýän ýurtlaryň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Ak bugdaýyň sünbülleri serginiň baş bezegine öwrüldi. Halkymyz ekerançylygyň gadymy medeniýetini döretmek bilen, müňýyllyklaryň dowamynda ekerançylyk meýdanlaryny özleşldirip, bu ugurda toplan baý tejribelerini nesilden-nesle geçiripdirler. Ekerançylyk medeniýetiniň köp asyrlyk milli däpleri hakynda sergi gymmatlyklary giňişleýin düşünje berýär. Bu ýerde zähmet gurallary, ýerleri işläp bejermekde gadymy döwürlerde ulanylan senetler, ak bugdaýyň ýetişdirilişi, dänäniň üwelişi görkezilýär. Şeýle hem gadymy döwürde pederlerimiz bugdaýy el, suw we ýel degirmenleri arkaly üwäpdirler hem-de mukaddes tamdyrlarda datly çörekleri bişiripdirler. Sergide tamdyrlaryň kiçeldilen görnüşleri goýlupdyr.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow