Baş sahypa
\
\
Paýtagtymyzda ýol-ulag mümkinçilikleri ýokarlanýar
Paýtagtymyzda ýol-ulag mümkinçilikleri ýokarlanýar
Çap edildi 15.07.2017
1407

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen utgaşdy. Şäheriň ýol-ulag düzüminiň işiniň kämilleşdirilmeginde möhüm orun eýeleýän täze köçe açyldy. Onuň gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk serişdeleri işjeň peýdalanyldy. Umumy uzynlygy 4 müň metrden gowrak bolan bu ýoluň gurluşygy häzirki zaman talaplaryna we halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär. Onuň ugrunda inženerçilik ulgamlary bilen bir hatarda degişli ýol belgileri döwrebap yşyklandyryş ulgamy çekildi we ugurdaş desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň halkara howa menziliniň golaýynda köçäniň Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen kesişýän ýerinden başlandy. Uly ýollaryň çatrygynda üç sany ägirt uly monitorlar oturdylyp, olarda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň sport babatda görkezýän üstünlikleri barada gürrüň berýän şekiller, Aziadanyň nyşanlary barada gürrüň berilýär. Merkezi monitoryň ini 18 metre, beýleki ikisiniň ini bolsa 10 metre barabardyr. Hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, köp sanly çagalar hem-de medeniýet-sungat işgärleri baýramçylyk äheňinde bezelen awtobuslara münüp, täze ýol bilen rowana boldular. Olaryň yzysüre ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar bile gabat gelen toý gelinalyjylary ýola düşdüler. Tutuşlygyna aýdym-sazlara, şatlyk-şowhuna beslenen dabaralara gatnaşyjylar Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň N.Andalyp köçesi bilen kesişýän ýerinde oturdylan “Şahyr” binasynyň ýanynda saklandylar. Köpçülikleýin çärä gatnaşýan çagalar dürli reňkli howa şarlaryny asmana uçurdylar. Bu görnüşler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly wakalara beslenýändigini äşgär etdi. Soňra bu ýerde körpe nesilleriň gatnamagynda milli küşt depdi tansyna orun berildi.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow