Baş sahypa
\
\
“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň aragatnaşyk ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün eder
“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň aragatnaşyk ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün eder
Çap edildi 14.09.2017
3310

Ýakyn günlerde Aşgabatda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň möhüm düzüm bölegi aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr. “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy bolmak bilen, ähli tapgyrlarda olary guramaga gönüden-göni we işjeň gatnaşýar. Kompaniýa birnäçe maglumat we kommunikasiýa hyzmatlaryny, şol sanda fiksirleme we öýjükli aragatnaşygy, maglumat binýadynyň ulgamyny we Internet elýeterliligini hem-de maglumatlaryň geçirilmegini, WI-FI, ykjam telefonlar üçin sim-kartalary hödürleýär. “Türkmentelekom” Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän halkara, şäherara we ýerli aragatnaşygy üpjün edýän operatordyr. Koimpaniýa 40-dan gowrak daşary ýurt operatorlary hem-de aragatnaşyk kompaniýalary bilen işleýär. Mundan başga-da, kompaniýa Türkmenistanda dürli sport guramalaryna hem-de çärelere hemaýatkärlik goldawyny berýär. Hususan-da, “Türkmentelekom” “Altyn asyr” futbol toparynyň hemaýatkäri bolup çykyş edýär. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlaryna we oňa gatnaşyjylara ýokary hilli häzirki zaman Internet hyzmatlaryny, ýerli telefon aragatnaşygynyň, öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny, WI-FI hödürlemek üçin hemme zerur bolan enjamlar oturdyldy. Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan “ashgabat2017.gov.tm” we “ashgabat2017.com” ýöriteleşdirilen Internet-portallarynyň işlemegi üpjün edilýär. Şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanylan poçta markalary çykaryldy.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow