17.09
2017
Sportuň Jiu-Jitsu görnuşinin «duo klassik» ugry boýunça Myrat Gimmiýew bilen bilelikde çykyş eden Jelilmuhammet Hojamyradow biziň toparymyz uçin getiren ilkinji altyn medalyny durmuşyndaky in bagtly we tolgundyryjy pursat diyip hasap etdi.
16.09
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.
16.09
2017
Şu gün “Oguzhan” köşkler toplumynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko “Aşgabat şäheriniň hormatly raýatynyň” şahadatnamasyny gowşuryş dabarasy boldy.
16.09
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Moldowanyň ýokary döwlet sylagy bolan “Respublika Ordeni” bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bu sylagy moldowan halkynyň adyndan dostlukly ýurduň Prezidenti Igor Dodon gowşurdy.
16.09
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi.
16.09
2017
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň birinji güni tamamlandy. Oýunlaryň resmi açylyşy Aşgabatda 17-nji sentýabrda bolar, emma häzirden jiu-jitsu, türkmen milli göreşi boýunça medallar ugrunda ilkinji bäsleşikler geçirildi, futzal boýunça ýaryşlara badalga berildi.
16.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon bilen duşuşdy.
16.09
2017
Aşgabatda, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.
16.09
2017
Hemmeler 17-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şonuň bilen bilelikde, Oýunlar Jiu-Jitsu ýaryşlary bilen başlady.
15.09
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri hem-de käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.