18.10
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi.
17.10
2017
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy.
17.10
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Niklaus” kompaniýalar toparynyň baş direktory Jek Niklausy kabul etdi.
17.10
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sooronbaý Şaripowiç Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.
17.10
2017
Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň golf-klubynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, täze sport toplumynyň dynç almak üçin meşhur künjege öwrüljekdigine ynam bildirdi.
17.10
2017
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-klubunyň açylyş dabarasy boldy.
16.10
2017
Oýunlar durmuşyň we taryhyň sapaklary ýaly ýa-da sportuň häzirki görnüşleriniň gadymy kökleri barada
Türkmen halky özüniň bäşmüňýyllyk taryhynyň dowamynda ýetmiş döwlet, şol sanda iri imperiýalary döretdi. Olar dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda uly yz galdyrdy. Ata-babalarymyz parahatçylyk söýüjilik we özboluşlylyk ýaly milli häsiýetleriniň bolandygyna garamazdan, ene topragymyzy we eziz Watanymyzyň garaşsyzlygyny goramak üçin köp uruşlary başdan geçirmeli boldular.
16.10
2017
Geçen dynç günleri “Tizlik” görnüşinde daga çykmak boýunça ýaryşlaryň ýeňijileriniň atlary belli boldy. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzyň Arçabil etrap häkimligi bilen bilelikde guran ýaryşlary Köpetdagyň Markow dag eňňidinde geçirildi. Ýaryşyň bu görnüşi şu ýyl ikinji gezek geçirilip, geçen ýaz paslynda “Kynçylyk” görnüşinde daga çykmak boýunça ýaryşlar geçirildi.
16.10
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
15.10
2017
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna “Türkmentelekom” döwlet Internet-prowaýderi hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy baýramçylyk çäresini geçirýärler: 2017-nji ýylyň 5—31-nji oktýabry aralygynda müşderilere limitsiz Internete amatly bahalar boýunça birikmek mümkinçiligi dörediler.