Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 18.10.2017
1487

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ilçi türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ysraýylyň iň ýokary ýolbaşçylarynyň ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny hem-de mähirli salamyny ýetirdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunyň hökümeti özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiz Ysraýylyň Prezidentine hem-de Premýer-ministrine hoşniýetli sözleri hem-de iberen mähirli salamy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Nygtalyşy ýaly, türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ösüşlere beslenen daşary syýasat strategiýasy döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän hem-de ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilip, üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli başlangyçlar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we diplomat halkara guramalarynyň hem-de abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Milli Liderimiz hemmetaraplaýyn innowasion ösüşe, senagatlaşdyrmaga hem-de senagat düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alan Türkmenistanyň ýokary tehnologiki ugurlara aýratyn ähmiýet berýändigini, munuň bolsa gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Ilçi söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmaga uly kuwwatyň bardygyny nygtap, köp pudaklarda baý tejribä hem-de peýdaly işläp taýýarlamalara eýe bolan Ysraýylyň toplanan tejribäni we dürli ulgamlardaky nou-haulary Türkmenistana hödürlemäge taýýardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ilçi döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary boýunça aragatnaşyklary pugtalandyrmak babatda pikirlerini aýtdylar. Ýurdumyzyň häzirki döwürde ösdürilmegine uly üns berýän sport we syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy. Jenap Moşe Kamhi ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de Ysraýyl Döwletiniň diplomatik wekilhanasynyň baştutany hökmünde işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitlere kybap gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin hemme tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow