16.10 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
15.10 2017
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna “Türkmentelekom” döwlet Internet-prowaýderi hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy baýramçylyk çäresini geçirýärler: 2017-nji ýylyň 5—31-nji oktýabry aralygynda müşderilere limitsiz Internete amatly bahalar boýunça birikmek mümkinçiligi dörediler.
14.10 2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
13.10 2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
13.10 2017
Şu gün bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň 8-nji mejlisi öz işine başlady. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri iki günüň dowamynda gämi gatnawy, deňiz ýük gatnawlary, howpsuzlygy üpjün etmek, port düzümlerini ösdürmek, logistik maglumatlary alyşmak, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak bilen baglanşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.
13.10 2017
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewanyň baştutanlygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Parlamentara Bileleşiginiň 137-nji Assambleýasyna gatnaşar. Forumda “Dinara we milletara gepleşikler arkaly medeni köppikirlilige hem-de parahatçylyga ýardam bermek” meselesine garalar.
13.10 2017
Oguz han adyndaky Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi Türkmenistanyň hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
13.10 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde medeniýet meseleleri boýunça wise-premýer A.Garajaýewe käýinç yglan etdi.
13.10 2017
2017-nji ýylyň 13-15-nji noýabrynda Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri geçiriler.
1527 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap