Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti we “Niklaus” kompaniýasynyň ýolbaşçysy sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp masalahtalyşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti we “Niklaus” kompaniýasynyň ýolbaşçysy sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp masalahtalyşdylar
Çap edildi 17.10.2017
1345

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Niklaus” kompaniýalar toparynyň baş direktory Jek Niklausy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzdaky Golf-klubuň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu klubuň döredilmegi sportuň bütin dünýäde meşhur bolan golf görnüşini Türkmenistanda ösdürmäge ýardam etmelidir. Jek Niklaus ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň hem-de tutuş ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Ýurdumyzda iri düzümleýin taslamalar, şol sanda sport ulgamynda taslamalar durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary, dünýäniň iň gowy tejribesini giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň barşynda sport ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy. Ýurdumyzda sporty höweslendirmäge we ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Jenap Jek Niklaus Türkmenistanyň bu ulgamda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmenistanlylarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçiligiň peýda bolandygyny, munuň üçin ähli şertleriň döredilýändigi nygtady. Aşgabatda Golf kluby gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmak “Niklaus” kompaniýalar topary üçin buýsançly ýagdaýdygyny nygtap, Türkmenistanda golfy ösdürmäge mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow