Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda bu ugurda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Onuň dowamynda döwletimiziň hereket edýän milli kanunçylygyna hem-de halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen bu çäre netijeli häsiýete eýe boldy.
Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde halkara giňişlikde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Dünýäde migrasiýa işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede özgerýän şertlerinde migrasiýa amallaryny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu günki çärä daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryna ýolbaşçylyk edýän ilçileriň hem-de daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşyp, alnyp barylýan işler bilen tanyşmaklarynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.
Ilçihanalar we konsullyk edaralary döwletler bilen raýatlaryň arasynda möhüm baglanyşdyryjy halka bolup durýar. Şonuň üçin diplomatik korpusyň Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda alnyp barylýan işler, halkara hyzmatdaşlykda gazanylan netijeler, elektron wiza we daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba almak bilen bagly işler barada habarly edilmegi raýatlara degişli maglumatlary ýetirmekde we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, migrasiýa gulluklarynyň işi birnäçe ugurlary öz içine alýar. Olaryň hatarynda wizalary resmileşdirmek, daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak, biometrik maglumatly pasportlary resmileşdirmek, raýatlyk we raýatsyzlyk ýagdaýyny aradan aýyrmak ýaly hem-de beýleki ugurlar bar. Şol bir wagtyň özünde, migrasiýa işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine-de zerur üns berilýär. Munuň özi gulluklaryň ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň gowulandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändiklerini alamatlandyrýar.
Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň ösüş depgini hil taýdan täze derejä çykýar. Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär. Şunda ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, ýurdumyzdan daşary döwletlere gidip-gelýän adamlaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa migrasiýa hereketleriniň dowamly ýagdaýyny şertlendirýär.
Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň dürli ugurlarda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ilata edilýän hyzmatlar ulgamynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalary, sanly ulgam işjeň ulanylýar. Bu bolsa ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň gysga wagtda berjaý edilmegini ýola goýýar.
Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini we täzeçil tehnologiýalary, emeli aň mümkinçiliklerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulmagynda ähmiýetli ugur hasaplanylýar.
Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň 2008-nji ýyldan başlap, sebitde ilkinji bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýän biometrik maglumatly pasportlary ulanyşa girizendigi barada aýdyldy. Häzirki döwürde bolsa elektron wizalary resmileşdirmek işini sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda alyp barmagyň meseleleri özleşdirilýär. Munuň özi gullugyň işinde migrasiýa hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky mysalydyr.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işiniň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçirilen tanyşdyrylyş çäresinde oňa gatnaşyjylar netijeli işlemek ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän ýokary derejeli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem çykyş edenler häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalaryň döwrebap usullaryny netijeli özleşdirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdylar.