Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Miras» žurnaly: milli medeni miras wagyz edilýär
Medeniýet
«Miras» žurnaly: milli medeni miras wagyz edilýär
Çap edildi 09.07.2018
3219

Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň her çärýekde çykýan ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň birinji sany 2018-nji ýyl üçin neşiriň sanlarynyň tapgyryny açýar, ol öz sahypalarynda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada söhbet edýär. “Miras” žurnalynda türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde çap edilýän makalalar Türkmenistanyň taryh ylmynyň umumy kanunalaýyklygyny we ösüşini, bu ugurda dünýä ylmynyň gazananlaryny şöhlelendirýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary döwletleriň alymlarynyň — taryhçylaryň we arheologlaryň, etnograflaryň, medeniýeti hem-de edebiýaty öwrenijileriň, dilçileriň makalalaryna giň orun berilýär. “Açyşlar we täze işler” diýen bölümde Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi. “Golýazmalarda hatdatlyk sungaty” atly makalada hünärmenleriň golýazmalary ýygnamak, tertipleşdirmek, saklamak, öwrenmek, terjime etmek we çap boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berilýär. Häzir institutyň gaznasynda seýrek duş gelýän golýazmalaryň 10 müňden gowragy saklanylýar, zeper ýeten golýazmalaryň ýüzlerçesi dikeldildi. Bahasyna ýetip bolmajak gaznada iň göwrümli kitap Muhammet Sarahsynyň “Muhyt” (“Umman”) eseri bolup, onuň agramy 17 kilogramdan hem geçýär. Iň kiçi “Heftek” kitabynyň ölçegi 5х9 santimetre deňdir. Makalada hatdatlygyň dürli nusgalary barada gürrüň berilýär, olar özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. “Hekaýat hem hakykat” atly makalada Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky söwda ýollarynyň ösüşiniň möhüm taryhy pursatlary, häzirki Türkmenistanyň çägindäki iri medeni-syýasy hem-de söwda merkezleriniň eýeleýän orny we ähmiýeti beýan edilýär. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän ýylda neşiriň esasy mowzuklarynyň hatarynda milli medeni baýlygy, şol sanda edebi mirasy aýawly saklamak we wagyz etmek has-da möhüm bolup durýar. “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” diýen bölümde ýerleşdirilen “Gorkut ata” eposynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň şöhlelendirilişi” atly makalada ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde bu edebi ýadygärligiň ähmiýeti nygtalýar. Okyjylaryň ünsi milli däp-dessurlar, ýaşulularyň türkmen jemgyýetiniň durmuşyndaky orny, zenanlaryň maşgaladaky orny we beýlekiler hakynda halkyň düşünjesini şöhlelendirýän keşplere çekilýär. Şunda häzirki döwür bilen deňeşdirmeler getirilýär. “Ak öý gurmak däpleri häzir hem bar” diýip, alym eposyň tutuş dowamynda ak öýüň ýygy-ýygydan agzalýandygyny belleýär. “Ahmet Ýasawynyň filosofik-ahlak mirasy we onuň çeşmeleri” atly makalada “Hikmet” žanrynyň esaslaryny goýan Ýasawynyň döredijilik mirasyna täze ylmy-nazary garaýyş beýan edilýär. Awtor makalasynda Hoja Ahmediň şygryýet däpleriniň parasatly wesýetleri beýan etmegiň nusgasyna öwrülendigini belleýär. Neşiriň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyna degişli wakalara berilýän syn bilen jemlenýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym we medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen ugrunyň yzygiderliligini şöhlelendirýän möhüm wakalar öz beýanyny tapdy. Okyjylar täze kitaplar barada hem maglumat alyp bilerler. Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal häzirki zaman sungat ussatlarynyň suratlary we foto işleri, seýrek duş gelýän arhiw maglumatlary we kartografik suratlar bilen bezelipdir.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow