Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ýaş işgärleri taýýarlamak döwlet ähmiýetli işdir
Teswirlemeler
Ýaş işgärleri taýýarlamak döwlet ähmiýetli işdir
Çap edildi 10.07.2018
4662

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2018-nji ýylda orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2018-nji ýylyň 8-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny olaryň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Milli Liderimiz 2018-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Oňa okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bu okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giriş synaglarynyň aç-açan, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini tabşyryp, ýokary okuw mekdeplerimize zehinli hem-de zähmetsöýer ýaşlaryň girmelidigini we okamalydygyny aýratyn nygtady. Munuň üçin bilim ulgamynda özgertmeleri çaltlandyrmak zerurdyr, çünki hut ýokary hünärli ýaş hünärmenleriň bolmagy ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde resminamalary kabul etmek işi guramaçylykly dowam edýär. Ýaşlary okuwa kabul etmek möwsüminiň ilkinji günlerinden ýokary işjeňlik ýagdaýy emele geldi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň bilimleriň täze sepgitlerine çykýandygyna hem-de eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna saldamly goşant goşmaga uly isleg bildirýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mekdepleriň uçurymlaryna niýetlenen ýörite telegepleşikler berildi hem-de makalalar çap edildi. Şolarda ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleri barada maglumat berildi. Şol okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 10 müňe golaý talyby kabul etmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuş syýasatynyň netijesinde, Türkmenistanda bilimli, giň gözýetimli, sazlaşykly ösýän ýaş nesliň kemala gelmegi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we beýik geljeginiň bähbidine milletimiziň aň-paýhas kuwwaty bolan ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagy barada yzygiderli alada edilýär. Häzirki döwürde türkmenistanlylaryň ýaş nesline ýokary hilli bilim almak we seçip alan hünärine eýe bolmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Raýatlarymyzyň alan döwrebap bilimleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda netijeli ulanylmalydyr. Häzir bu pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şu şertlerde hünärmenleriň täze bilimleri we başarnygy, pikirleri hem-de açyşlary ilerletmäge ukyplylygyny häsiýetlendirýän, ýagny, durmuş-ykdysady ösüşi has belende çykarýan aň-paýhas kuwwaty esasy serişdä öwrülýär. Şeýlelikde, hut bilim ulgamy ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumynyň öň hatarynda bolýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda milli Liderimiz taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda ýüz müňe golaý kompýuteriň öndürilendigini kanagatlanma bilen belledi. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň sanly ulgamynyň maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin gowy binýat bolup hyzmat edýär. Bu işleriň netijesinde, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 41,5 göterim köpeldi. Şunuň bilen birlikde, çözülmegini talap edýän köp sanly meseleler hem bar. Bu meseleleri çözmek üçin köp işler ýerine ýetirilmelidir. Ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde biz telekeçilere degişli edara-kärhanalaryň döwlete degişli edara-kärhanalar bilen deňeşdirilende, has gowy we netijeli işleýändigini görýäris. Şunuň bilen baglylykda, degişli işgärleriň täze neslini taýýarlamak, bäsdeşlige ukyply ykdysady ulgamyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilimi ösdürmek wajypdyr. Ähli ugurdaş institutlar, aýratyn-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty önümçilik üçin ýokary hünärli dolandyryjy işgärleri taýýarlamalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de dünýä belli beýleki institutlar bilen hyzmatdaşlygyň, daşary ýurt hünärmenlerini işe çekmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyz bilim bermek işine dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda BMG, Ýewropa Bileleşigi, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklary ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijeleri bolsa dürli halkara maksatnamalarynyň çäklerinde birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Orta mekdepleriň, başlangyç, orta hünär okuw edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi we hünärmenleriň iki basgançakly düzüm boýunça taýýarlanylmagy bilen baglylykda, bilim baradaky resminamalaryň täze döwlet nusgalary işlenip taýýarlanyldy. “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 24-nji martynda Karara gol çekip, umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň; başlangyç hünär bilim hakyndaky diplomyň; başlangyç hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň; orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň; orta hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň; bakalawryň diplomynyň; bakalawryň tapawutlanan diplomynyň; magistriň diplomynyň; magistriň tapawutlanan diplomynyň; ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň diplomynyň; ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň tapawutlanan diplomynyň; hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky diplomynyň; hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky tapawutlanan diplomynyň; hünär derejesini ýokarlandyrandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgalaryny tassyklady. Şeýle hem resminama bilen “Bilim hakynda” resminamalaryň döwlet nusgalarynyň görnüşlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 23-nji aprelinde çykaran Karary güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi. Ýaş alymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli artdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Şunda milli Liderimiz hünärmenleri taýýarlamak meselelerine ýüzlenip, ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemegiň ähmiýetini nygtaýar hem-de bu işde halkymyzyň taryhy we milli däplerinden, milli gymmatlyklarymyzdan ugur almagyň wajypdygyny belleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimize bilimli, ýokary ahlakly, özbaşdak çözgütleri kabul edip bilýän, hünär babatda täze sepgitleri eýeläp bilýän, ýurdumyzyň ykbalyna we onuň durmuş-ykdysady ösüşine jogap berýän ýaşlaryň gerekdigini nygtap, bilim ulgamyny ýokary bilimli hem-de başarjaň, täze gymmatlyklary döretmäge, öňdebaryjy pikirleri öňe sürmäge we olary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga ugrukdyrýar.

Soňky habarlar
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
top-arrow