21.11
2018
23-nji noýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu waka bäş ýurdy – Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany birleşdirýän sebit boýunça Ýewropa Bileleşiginiň täze strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna bagyşlanan gepleşikleriň, mejlisleriň we beýleki çäreleriň tapgyrynda möhüm sepgit bolar.
21.11
2018
Şü gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat — 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
21.11
2018
Şu gün türkmen-owgan dostluk gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna nobatdaky şanly sahypa ýazyldy — Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan 500 orunlyk metjidiň we bu ýerden geçýän demir ýoluň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinden düzülen topar bu ýerde guralan dabara gatnaşdy.
21.11
2018
22-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn paýtagtymyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirilýär.
21.11
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary jenap Lamberto Zanniýeri kabul etdi.
21.11
2018
Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde gurlan köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsiniň ulanylmaga berilmegi netijesinde şäherli maşgalalaryň elliden gowragy täze jaýlara göçüp bardy.
21.11
2018
Şu gün Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megewat bolan täze gazturbinaly elektrik bekediniň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
20.11
2018
Teh Ýat HONG, «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd» kompaniýasynyň baş direktory:
20.11
2018
Paýtagtymyzda “Türkmennebit” döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” (OGT-2018) atly XXIII halkara sergi we maslahat öz işine başlady.
20.11
2018
Üç dilde: türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.