25.11
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Ýewropa ugruna ygrarlydygy barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň uly mümkinçilikleriniň ähli gatnaşyjy taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýän giň gerimli halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär diýip belleýär.
25.11
2018
Daşoguz welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyna bagyşlanan giň gerimli jemgyýetçilik çäreleri ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi.
24.11
2018
Türkmenistanyň ýygyndy topary 16-23-nji noýabr aralygynda ýetginjekleriň arasynda Daşkentde geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda şowly çykyş etdi. Ýurtlaryň 11-sinden 300-e golaý ýaş küştçiler ýaşy 6-a, 8-e, 10-a, 12-ä, 14-e, 16-a, 18-e we 20-ä çenli ýaş toparlarynda baýrakly orun ugrunda bäsleşdiler. Ýaryş üç görnüşde: nusgawy, rapid we blis bäsleşikleri görnüşinde geçirildi.
24.11
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
23.11
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
23.11
2018
Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda milli azlyklar we olaryň jemgyýetçilik durmuşyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi.
23.11
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
22.11
2018
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
22.11
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy.
21.11
2018
Şu gün paýtagtymyzda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” forumyň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatyň jemleýji güni boldy. Oňa Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň we Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, nebitgaz we hyzmatlar kompaniýalarynyň, iri abraýly guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.