Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalar ulanylmaga berildi
Jemgyýet
Ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalar ulanylmaga berildi
Çap edildi 21.11.2018
2012

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde gurlan köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsiniň ulanylmaga berilmegi netijesinde şäherli maşgalalaryň elliden gowragy täze jaýlara göçüp bardy. Nowruz — 2 kiçi etrapçada bina edilen täze jaýlaryň birini “Daşoguzobagurluşyk”önümçilik birleşiginiň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary gurdular. Häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň peýdalanylmagy esasynda gurlan bu dört gatly jaýda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan dört we üç otagly öýleriň 24-si bar. Şagadam köçesindäki dört gatly jaýlaryň ýene 2-si bolsa “Sekiz ýyldyz” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Her birinde dört we üç otagly öýleriň 16-sy bar bolan bu jaýlarda amatly ýaşaýyş üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Täze ýaşaýyş jaýlary Şagadam köçesinde we Nowruz — 2 kiçi etrapçada kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düzüm bölegi boldy. Bu künjeklerde sanlyja ýyllaryň içinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalar bilen utgaşýan häzirkizaman köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy guruldy. Ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary şäheriň beýleki künjeklerinde-de, şol sanda Daşoguz we Görogly köçelerinde hem işjeňlik bilen gurulýar. Täze jaýlaryň ulanylyşa berilmegi mynasybetli bolan dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Olar dabarada halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döredijilikli syýasaty alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu ýerde döredijilik toparlarynyň eden çykyşlary dabara has-da baýramçylyk öwüşginini berdi. Täze jaýlary bina etmekde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow