20.11
2018
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Watanymyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we ony milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ulgamyna öwürmek babatda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin!
19.11
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
19.11
2018
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda sanly ykdysadyýete bagyşlanan okuw maslahaty başlandy. Çäräni ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde guradylar.
17.11
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 267-si hasaba alyndy.
16.11
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
16.11
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Babajanow S.H. hakynda
16.11
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ö.I.Enermyradow hakynda
16.11
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.S.Meredow hakynda
16.11
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary Aýdogdy Geldimämmedowiç Nurgeldiýewiň üstüne ýüklenildi.
15.11
2018
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Italiýanyň söwda boýunça agentliginiň bilelikde guramagynda türkmen-italýan işewürlik maslahaty boldy.