Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýermek bilen, iş kesilen 1054 raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagyny arzuw etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda agzybirlik, ruhubelentlik ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli däplerine ygrarlydygyny, eziz Watanymyza bolan buýsanjy, çäksiz söýgini, röwşen geljegimize berk ynamy berkidýän ägirt uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka boldy.
Maslahatda milli demokratiýamyz giňden dabaralandyrylyp, halkymyz hem-de Watanymyz üçin bähbitli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we taryhy ähmiýetli çözgütler, kararlar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna, egsilmez pähim-paýhasa ýugrulan çykyşlary Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen strategik häsiýetli binýatlyk taglymat bolup, maslahata gatnaşyjylar hem-de ähli halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, baş sanyny artdyrmaga hem-de halkara giňişlikde olaryň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi döwletimiziň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, ahalteke bedewlerini gorap saklamakda hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlaryna döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Bu şanly sene döredijiligiň, rowaçlygyň we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, bagtyýar halkymyzy täze belentliklere hem-de ösüşlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde şanly sene mynasybetli sergiler ýaýbaňlandyrylýar, kitaphanalarda we beýleki medeniýet ojaklarynda dürli çäreler geçirilip, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde filmleriň görkezilişleri guralýar. Teatrlarda mähriban halkymyzyň beýik gahrymançylygyna, bagtyýarlygyna hem-de watansöýüjiligine bagyşlanan sahna oýunlary görkezilýär.
Şanly senä bagyşlanan gepleşikler hem-de wideoşekiller taýýarlanyp, milli we daşary ýurtlaryň hyzmatdaş teleýaýlymlarynda görkezilýär. Bu şanly senäni, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, şol sanda halkara derejede gazanylan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertlerine ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan, olaryň jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyza we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, olaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Nygtalyşy ýaly, şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde raýatsyzlygyň öňüni almak we ony azaltmak, adamlaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň toplan tejribesini halkara derejede paýlaşmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak babatda uly işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, bu işleriň netijesinde, häzirki wagta çenli 5 müň 294 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda hemişelik ýaşamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň şahsy ýüztutmalaryna seretmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan hossarlarynyň ýanynda ýaşaýan, ýurdumyzyň raýatlary bilen nika baglaşan, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletler bilen wiza düzgüni girizilmezinden ozal Türkmenistanda ýazga alnan daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 146 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilmegine hödürlenilýän adamlar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 16 milletiň wekilleri bolup durýarlar. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si bolsa erkek adamlardyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda” Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen resminamalaryň syýasy ähmiýeti barada aýtdy. Ilki bilen, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, her ýyl ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu mejlisler döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek we ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny anyklamak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giň wekilçilikli mejlisiniň şu ýylyň iň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri bolandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň mejlisdäki taryhy çykyşlarynda Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine we ýeten belent sepgitlerine aýratyn üns çekildi, ýurdumyzyň ösüşiniň esasy netijeleriniň beýan edilmegi bilen bir hatarda, geljek döwürde öňde durýan möhüm wezipeler aýdyň kesgitlenildi. Şeýle hem çykyşlarda döwletimiziň syýasy-hukuk esaslaryny ulgamlaýyn pugtalandyrmak, ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, türkmen jemgyýetinde asudalygy, jebisligi we agzybirligi berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler giňden beýan edildi.
Mejlisiň dowamynda bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen çözgütler hem kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz birnäçe wajyp döwlet resminamalaryna gol çekdi. Olaryň her biri ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň aýratyn möhüm ugurlaryny öz içine alýar. Şol resminamalaryň biri hem “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasydyr”. Bu strategiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli senagatlaşma syýasatynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýdyň görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň senagat ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurda düýpli başlangyçlar öňe sürüldi we möhüm işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen ählihalk forumynda, ýagny Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda Milli Liderimiz döwlet Baştutany hökmünde ýurdumyzy senagat taýdan ösen, häzirki zaman döwletine öwürmek, ýagny senagatlaşan jemgyýeti kemala getirmek baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdi. Şol döwürden bäri bu ugurda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda nebitgaz, himiýa, maşyn gurluşygy, dokma we beýleki pudaklarda döwrebap önümçilik kärhanalary guruldy, iri senagat toplumlary döredildi. Doly önümçilik tapgyrlaryny öz içine alýan täze kuwwatlyklar ýola goýuldy, gaýtadan işleýän senagatyň binýady berkidildi. Şunuň ýaly ägirt uly başlangyçlaryň we gazanylan tejribäniň esasynda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bu asylly işlerini täze şertlerde ýokary derejede dowam edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň täze tapgyryna gönükdirilen 2030 — 2045-nji ýyllar üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi we degişli Milli strategiýa tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, senagaty döwrebap ösdürmäge we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmaga ýardam berjek uzak möhletleýin maksatlary özünde jemleýär.
Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda gol çekilen “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy” hem uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň kemala gelmegine we yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi aýratyn bellenildi. Bu döwlet syýasaty häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny has-da berkitmäge, olaryň öz döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge aýratyn üns berýär. Şu maksada laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen nobatdaky gurultaýyna gatnaşyp, ýaşlar syýasatynyň geljekki ugurlary boýunça maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Ýaş nesle bildirilýän döwlet aladasynyň aýdyň beýany hökmünde 2023-nji ýyl ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň halkara ugurlaryny ösdürmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» tassyklady. Ýaşlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere we halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu mejlisde gol çekilen täze Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň ýaşlar babatdaky syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk wezipeleri we täze başlangyçlary öz içine alýar.
Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çekilen resminamalaryň ýene biri “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak, atçylyk we atly sport pudagyny ösdürmek, milli seýisçilik däplerini kämilleşdirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu asylly işleri täze derejede dowam edýär. Ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmek, olaryň genetiki seljerme işlerini geçirmek, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça döwlet derejesinde toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän 2026-njy ýylda ahalteke bedewlerimizi we milli atçylyk sungatymyzy dünýäde giňden tanatmak boýunça giň gerimli milli we halkara çäreler üstünlikli geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, milli atşynaslyk däplerini, ahalteke bedewleriniň genofonduny we bu ugurda toplanan baý tejribäni döwlet tarapyndan ygtybarly goramak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin zerur hukuk şertleri döredildi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasyna hem gol çekildi. Bu resminama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurdaky köpýyllyk tagallalaryň nobatdaky möhüm netijesi hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi aýratyn bellenildi. Bu möhüm resminama halkara hukugyň ýörelgelerini berkitmäge, döwletleriň halkara hukuk kadalaryna ygrarly bolmagyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Wise-premýer, daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly ýubileýi mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen resminamalaryň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri guramaçylykly geçirmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýetip gelendigini aýtdy. “Geçen 35 ýyl berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz üçin şan-şöhratly ýyllar boldy. Biz mundan beýläk-de berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
***

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy halkymyzyň ýokary ruhubelentliginde uly dabaralara beslenilip, guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylanylýar. Halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä döwletleri we halklary bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde, Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öz halkyna we Watanyna ak ýürekden gulluk etmegi, mukaddes borja wepalylygy, Watany goramak baradaky pähimleri raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmakda, olary ruhubelent, ösen we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde görelde mekdebidir.
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan taryhy başlangyçlary bilen Ýer ýüzünde durnuklylygy hem-de parahatçylygy pugtalandyrmakda we döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny, harby gullukçylary Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde goşan uly şahsy goşandyny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşurylýar.
Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi döwlet sylagy hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyny uly dabaralara besläp, guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň içinde ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde beýik işler amala aşyryldy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylmagy bilen, şeýle hem şanly baýramçylygymyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän ýurdumyzyň Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Milli goşunyň döwrebaplaşdyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn we ylym-bilim binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler Watan goragçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý medalynyň berilmegini halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hemmeleri ýene-de bir gezek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.