28.07
2019
Şu gün Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana toplumynyň üsti täze bina — «Awazanyň ýalkymy» atly binagärlik toplumy bilen ýetirildi, onuň açylyş dabarasy köpöwüşginli uly baýramçylyga öwrüldi.
28.07
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
26.07
2019
Häzir Türkmenistanyň şypahana-sagaldyş ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sazlaşykly ösdürilýär. Baýry şypahanalaryň durky täzelenýär. Olaryň täze binalary gurulýar, dünýä standartlary derejesi üpjün edilýär.
26.07
2019
«Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan şäheri) goldaw bermeginde Astrahan oblastynyň administrasiýasy bilen bilelikde neşir edildi.
26.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet An-Nasere Tunis Respublikasynyň Prezidenti Beži Kaid Es-Sebsiniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.
25.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.
25.07
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň düzümindäki wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy.
25.07
2019
Şu gün Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň paýtagtyndaky edara binasynda futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň saýlama oýunlarynyň bije atyşlygynyň jemleri boýunça Eýranyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Türkmenistanyň toparynyň bäsdeşleri bolar.
24.07
2019
Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine şu ýylyň 15-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli aralykda zähmet rugsadynyň berilýändigini aýtdy.
24.07
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini goldamak maksady bilen, goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwerlik ýüküniň uly tapgyry bilen ýörite awtoulag kerweni ugradyldy.