01.08
2019
Milli Liderimiziň düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän täzeçillikli syýasaty netijesinde möhüm ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalaryň hil taýdan täze ugurlaryny döretmek boýunça üstünlikli işler alnyp barylýar, adam maýasyny kemala getirmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin zerur işler durmuşa geçirilýär.
01.08
2019
Şu gün paýtagtymyzda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara duşuşyk geçirildi.
31.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigi hem-de giň halkara goldawyna eýe bolmagy netijesinde, häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadymyz 2020-nji ýylda sambo boýunça we 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge taýýarlanýar.
31.07
2019
Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-bolgar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
30.07
2019
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy öz işine başlady.
30.07
2019
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy.
30.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanylýan halkymyzyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek babatda belent sepgitleri eýeledi.
29.07
2019
Şu günler Taýbeý şäherinde (Hytaý) ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçirilýär. Oňa dünýäniň 19 ýurdundan 176 türgen gatnaşýar. Ýaryşda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzüminde 7 türgen çykyş edýär.
29.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanylýan halkymyzyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek babatda belent sepgitleri eýeledi.
28.07
2019
Türkmen döwleti Ýewraziýa yklymynyň uly ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmekde milli ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar.