24.07
2019
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
24.07
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina demir ýol stansiýasynda gurlan 10 kilometr demir ýol şahasynyň açylyş dabarasyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolarlar.
23.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak ulgamynda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär.
21.07
2019
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
21.07
2019
Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
21.07
2019
Häzirki döwürde Garaşsyz Bitarap Watanymyzda döwlet ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
21.07
2019
Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
20.07
2019
Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde 20-nji iýulda «Saglyk — 2019» atly halkara sergisi açyldy, onuň çäklerinde lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi.
20.07
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy.
20.07
2019
2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-nyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşan Türkmenistanyň wekilýeti Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça birinji Meýletin milli syn bilen tanyşdyrdy diýlip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.