Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýa çempionaty — 2020-niň saýlama oýunlary boýunça türkmen futzalçylarynyň bäsdeşleri kesgitlenildi
Sport
Aziýa çempionaty — 2020-niň saýlama oýunlary boýunça türkmen futzalçylarynyň bäsdeşleri kesgitlenildi
Çap edildi 25.07.2019
5414

Şu gün Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň paýtagtyndaky edara binasynda futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň saýlama oýunlarynyň bije atyşlygynyň jemleri boýunça Eýranyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Türkmenistanyň toparynyň bäsdeşleri bolar. Saýlama oýunlarynda çäk taýdan ýerleşişi boýunça 31 topar 4 zolaga bölündi. Türkmenistan öz toparyndaky bäsdeşleri bilen Merkez we Günorta zolagynda «B» toparçany düzdi. «A» toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň ýygyndy toparlary çykyş eder. Merkezi we Günorta zolakda duşuşyklar, takmynan, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Eýranda geçiriler. Türkmen türgenleri ilkinji oýny Aziýanyň ýigrimi gezek çempiony Eýranyň topary bilen, ikinji duşuşygyny bolsa Gyrgyzystanyň topary bilen geçirerler. 2020-nji ýylda Aşgabatda guraljak Aziýanyň çempionatynyň final bölegine toparçalarda ilkinji iki orny eýelän topar çykar. Türkmenistanyň ýygyndysy öňde boljak çempionatyň eýesiniň hukugynda eýýäm özüne iň gowy 16 toparyň hatarynda orny üpjün etdi. Şeýlelikde, ýaryşlaryň final böleginde saýlama oýunlarynyň jemlerine garamazdan, «B» toparçadan ähli toparlar oýnamaga hukuk alar. Aziýanyň çempionatynyň duşuşyklary 2020-nji ýylyň 27-nji fewraly — 8-nji marty aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde geçer. Şolaryň jemleri esasynda iň gowy bäş topar şol ýyl Litwada geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazanar. Ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek meselelerine ägirt uly üns bermegi netijesinde, Türkmenistan häzirki wagtda sebitde iň oňat sport desgalaryna eýedir hem-de şeýle iri möçberli ýaryşlary ilkinji gezek geçirmeýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünliklere beslendi, onuň maksatnamasyna sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, futzal hem girdi, geçen ýyl bolsa paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde agyr atletika boýunça dünýä çempionaty guraldy. 2020-nji ýylda futzal boýunça Aziýanyň çempionatyndan başga-da, Olimpiýa şäherçesinde ýene bir iri sport çäresi — sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Soňky habarlar
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
top-arrow