Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
Çap edildi 23.09.2026
13

Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!

Sizi berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalary bagtyýar raýatlarymyzyň kalbynda watansöýüjilik duýgusyny ýokarlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär, döwletli Diýarymyz ykdysady taýdan has-da kuwwatlanýar. Parahat we abadan durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamyny has-da ösdürmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde medeni diplomatiýa aýratyn orun degişlidir. Medeni diplomatiýa parahatçylygyň, agzybirligiň, dostlugyň we ynsanperwerligiň dabaralanmasydyr. Berkarar döwletimiziň öne sürýän medeni diplomatiýasy hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň wezipelerinden ugur almak bilen, dünýä halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende göterdi. Ahalteke bedewleriniň gözelligini sungat eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşiklerde, şeýle hem atlary şaý-sepler bilen bezemek boýunça zergärçilik eserleriniň arasyndaky bäsleşikde ýurdumyzyň suratkeşleriniň we halyçylarynyň ýeňiji bolmaklary türkmen sungatynyň dünýä derejesinde kämilleşýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Gadyrly döredijilik işgärleri!

Garaşsyzlyk şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk umyt-arzuwlaryndan kemala gelen mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny giňden wagyz etmek döredijilik işgärleriniň esasy borjudyr. Türkmen sungatynda we edebiýatynda döredilýän her bir kämil eser Garaşsyzlygyň ajaýyp miwesidir. Çeper döredijilik bilen yzygiderli meşgullanýan raýatlarymyz döwlet berkararlygymyzy, bedew batly Watanymyzyň beýik ösüşlerini wasp edip, döwrebap, täze eserleri döredýärler. Biz muňa örän guwanýarys, çünki döredijilik dünýäsiniň watançylyk ruhundaky eserleri halkyň kalbynda ebedilik orun alýar.

Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny we žurnalistikasyny ösdürmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki bäsleşik döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, olaryň zehinini joşdurýar. Bu bäsleşikde ýeňiji bolan edebiýat we sungat eserleri çeperçiliginiň we kämilliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, suratkeşleri, artistleri, bagşy-sazandalary, kompozitorlary geljekde has-da döredijilikli işläp, iň kämil eserleri bilen bu bäsleşige gatnaşmalydyrlar.

Biz geljekde-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi has-da kämilleşdirmäge, onda göz öňünde tutulan ugurlary giňeltmäge, döredijilik işgärleriniň asylly zähmetine mynasyp baha berip, olary yzygiderli höweslendirmäge uly üns bereris.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we döredijilikli zähmetiňizde hemişe uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow