Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik ýüküni iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik ýüküni iberdi
Çap edildi 24.07.2019
988

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini goldamak maksady bilen, goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwerlik ýüküniň uly tapgyry bilen ýörite awtoulag kerweni ugradyldy. Doganlyk owgan halkyna muzdsuz kömek hökmünde derman we lukmançylyk serişdeleri, dokma önümleri hem-de çagalaryň egin-eşikleri, okuw kitaplary we mekdep esbaplary, süýji-köke önümleri, beýleki harytlar iberildi. Türkmenistan parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine, parahat durmuşyň kemala gelmegine düýpli goşant goşýar. Ýurdumyz goňşy döwletiň halkyna yzygiderli goldaw bermek bilen, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary, durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik hem-de açyklyk syýasaty biziň döwletlerimiziň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine hyzmat edýär, iki goňşy ýurduň halklaryny gadymdan gelýän dost-doganlyk hem-de ruhy taýdan umumylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Nobatdaky hoşniýetli çäre dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň mizemezliginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň soňky ýyllarda Owganystanyň dikeldilmegine işjeň gatnaşýandygyna, iş ýüzünde bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ýardam edýändigine ýokary baha berýär. Biziň ýurdumyz iň ýakyn goňşy bolmak bilen, hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny elektrik energiýasy, suwuklandyrylan gaz bilen ýeňillikli şertlerde üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýar. Türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäklerinde dürli maksatly möhüm desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde türkmen tarapy kiçi beketleri we elektrik geçiriji ulgamlary gurdy, şolaryň gerimi geljekde has giňeldiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary owgan raýatlaryna bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamynda muzdsuz kömek berýärler. Geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň OYR-nyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berildi, bu taslama hem-de TOP ugry boýunça kuwwaty 500 kWt bolan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň düýpli bähbitlerine hyzmat eder. Sazlaşykly ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, täze bilelikdäki düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetiniň has-da ösmegine, möhüm durmuş meseleleriniň, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bagly meseläniň üstünlikli çözülmegine ýardam edip, ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, şu günki waka sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynsanperwerligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Şol maksatlar bolsa, täze taryhy döwürde — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasy ugrunyň özenini düzýär.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow