Sizi Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi mynasybetli her ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.