Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ruhy we aň-paýhas kuwwaty artdyrmak — jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şerti
Hepdäniň wakalary
Ruhy we aň-paýhas kuwwaty artdyrmak — jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şerti
Çap edildi 28.10.2025
90

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilip, Watanymyz batly depginler bilen ynamly öňe barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýär. Bitaraplyk parahatçylygy, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň binýady bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýap saklamak medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler sungatyň dürli görnüşleriniň gaýtadan dikeldilmegine hem-de ösdürilmegine, giň medeniýetara dialogyň ýola goýulmagyna ýardam berýär.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde, şeýle hem 3-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasymyzy, edebi gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek we kämilleşdirmek, ony wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, kitaphana we muzeý işini ösdürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmak, çagalar sungat hem-de çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramak we kämilleşdirip durmak, döwrebap, many-mazmunly çeper, dokumental filmleri yzygiderli surata düşürmek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň, döredijilik bäsleşiklerini, häzirki zaman sergilerini, folklor, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny yzygiderli geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan medeni syýasatyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň dünýäde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär we munuň üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Bitarap Türkmenistan ähli döwletler, hususan-da, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dostlukly dialogy giňeltmegi dowam etdirýär, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Medeni diplomatiýa özara ynanyşmagy berkitmek, milli bähbitleri öňe sürmek we ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak ýaly daşary syýasy maksatlara ýetmek üçin medeni alyşmalary işjeňleşdirmekde hem-de bu ugurda gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreler — ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar, dürli döredijilik çäreleri, brifingler, mediaforumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.

Medeniýet ulgamyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde Diýarymyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň bilim almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany ýylyň-ýylyna artdyrylyp, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Milli we halkara derejede döredijilik bäsleşikleriniň, festiwallaryň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa tejribe toplamak, batyrgaý gözleglerdir täze açyşlar üçin netijeli meýdançany döredýär.

Her ýyl gyşky dynç alyş günlerinde paýtagtymyzda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. 4-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Bilim ministrliginiň guramagynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. 29-30-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwaly boldy. Festiwal döredijiligiň we dostlugyň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ýaş zehinleri öz başarnyklaryny görkezip, joşgunly çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdylar.

Ýurdumyzda halkymyzyň mirasyny aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşan goşandyny giňden wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan dialogy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. 2020-nji ýylda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň döredilmegi BMG-niň bu abraýly düzümi bilen özara gatnaşyklarda wajyp ädim boldy. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Milli toparyň mejlislerinde, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlarda, sanly ulgam arkaly duşuşyklarda bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary we anyk netijelere gönükdirilen maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Toparyň 15-nji fewralda geçirilen mejlisinde BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Mejlisde Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy türkmen şäherleriniň ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu ugurda 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Geçen ýylyň 16-njy maýynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirilip, onuň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden ybarat boldy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly giň gerimli maksatnamanyň çäklerinde, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Şol ýylyň 12-nji oktýabrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy möhüm wakalaryň birine öwrüldi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisinde çykyş edenler taryhy ýadygärlikleri gorap saklamaga gönükdirilen işleriň olary bir durkunda saklamak, abatlamak, ylmy barlaglar, taslama we önümçilik işleri bilen bagly çäreleri özünde jemleýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan ýurdumyzyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestriniň çap edilendigi aýdyldy.

Geçen ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, Özbegistan Respublikasy bilen bilelikde Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem halkymyzyň milli mirasy bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamalary taýýarlamak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, «Dünýäniň hakydasy» halkara maksatnamasy boýunça gollanma hökmünde «Türkmenistan — ÝUNESKO: ýadygärlikleri bilelikde goralyň!» atly monografiýa taýýarlanyldy.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda milli mirasymyzy, Watanymyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli medeni çäreleriň geçirilendigini bellemek gerek. Türkmenistan oňyn halkara başlangyçlary öňe sürüp, dünýä ýurtlary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, medeni diplomatiýanyň pikirleri we gymmatlyklary alyşmak, ynanyşmak ýaly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanýar. Munuň özi halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berýär. Sebitde iri parahatçylyk dörediji we medeni merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistan giň gerimli ynsanperwer hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly üýtgewsiz gymmatlyklary alamatlandyrýan dürli çäreler — festiwallar, sergiler, konsertler, kinofilmleriň görkezilişi, Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär.

4 — 6-njy iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly dostlukly halklaryň umumy taryhy-medeni, ruhy däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Maý aýynda paýtagtymyzda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Bu medeni çäräniň çäklerinde guralan sergide arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplarydyr milli tagamlary görkezildi. Şeýle hem «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat, Türkmenistanyň we Liwiýanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.

Ýurdumyzda milli medeniýetimizde, sungatymyzda we edebiýatymyzda gazanylan uly üstünlikleri bütin dünýäde wagyz etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi medeniýet işgärlerini ruhlandyryp, olary täze, has kämil eserleri döretmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge höweslendirýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň köpdürlüligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köpöwüşginliligini açyp görkezýär. Medeni forumyň maksady türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge, ony bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

22 — 27-nji iýunda Ahal welaýatynda geçirilen köp sanly çäreler milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini we ulgamyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşýändigini tassyklaýan ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Bu çäreler milli ruha beslenendigi, özüne çekijiligi, mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlanyp, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesini aýdyň görkezdi. Şol günlerde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri, opera we teatr oýunlarynyň, täze filmleriň görkezilişleri guraldy. Edebiýat, halk döredijiligi bilen gyzyklanýanlar edebi hem-de aýdym-saz agşamlaryna, ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleriniň konsertlerine gatnaşdylar. Sungat ussatlary, aýdym-saz, çagalar döredijilik toparlary hem baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar. Änew şäheriniň, Bäherden, Gökdepe, Kaka etraplarynyň, Yzgant şäherçesiniň, Gämi obasynyň medeniýet öýlerinde hem-de merkezlerinde geçirilen mowzuklaýyn maslahatlarda, duşuşyklarda, okuw-usuly we ylmy-usulyýet maslahatlarynda milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, sungatyň dürli ugurlaryny ösdürmek, muzeý, kitaphana işini kämilleşdirmek, bu ugurda sanly tehnologiýalary ulanmak bilen bagly möhüm meselelere üns çekildi.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygy eserlerinde umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri wasp eden beýik söz ussady Magtymguly Pyragyny sarpalamak dabarasy bilen utgaşdy. Döredijilik çäresi türkmen halkynyň beýik oglunyň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen tamamlandy. Soňra sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli geçirilen «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat ýurdumyzyň durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Foruma gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň nyşanydygyny nygtadylar.

Awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň milli günleri ýaýbaňlandyryldy.

20-nji awgustda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň, 6-njy we 7-nji sentýabrda bolsa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlary geçirildi.

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanyp, «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

26-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri bu ugry goldamakdan we ösdürmekden, taryhy-medeni mirasy goramakdan, aýawly saklamakdan, ony giňden wagyz etmekden, ösüşiň hem-de abadançylygyň bähbidine medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli işlerde aýdyň beýanyny tapýar.

Soňky habarlar
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
28.10
Ruhy we aň-paýhas kuwwaty artdyrmak — jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şerti
28.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.10
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli dialog arkaly tagallalar işjeňleşdirilýär
27.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenildi
26.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow