Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
Jemgyýet
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
Çap edildi 12.06.2026
1850

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Onda nygtalyşy ýaly, döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde ylmyň goşandy uludyr. Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi köp babatda çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr. Aýdyň maksatlary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri we täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşantdyr. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan ylmy barlaglaryň, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlary döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.

Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak baş maksatlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylym bilen meşgullanmaga höwesli dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Döredilýän amatly şertler türkmen ýaşlarynyň ylymda täze açyşlary, umuman, tehniki ösüşi şertlendirýän barlaglara bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda yglan edilen ylmy bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 500-den gowragy gatnaşdy. Olar ylmyň, tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, ylmy usullaryny, ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Häzirki döwürde bu pudaklarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli bähbitleriň üpjün edilmegine, durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ýetilmegine gönükdirilendir.

Bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 170-si ýeňijiler hökmünde saýlanyp alyndy. Abraýly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edilen ýaşlar bu ýerde guralan dabaranyň esasy gahrymanlary boldular. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijilere döwlet Baştutanymyzyň adyndan şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri ýaş nesiller hakynda edilýän hemmetaraplaýyn aladalar üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we Watanymyzyň abraýynyň, şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Dabaraly çäre sungat ussatlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çykyşlary bilen jemlendi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow