Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança
Syýasy habarlar
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança
Çap edildi 04.08.2025
93

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi.

Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni paýlaşmak, şeýle hem parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanun çykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň esasy maksady boldy.

DÇBÖBD-niň parlamentleri bu döwletleriň geografik ýerleşişi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýärler. Kanun çykaryjy edaralar hökmünde parlamentler ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň, syýasatlaryň kabul edilmegini hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler.

Mundan başga-da, parlamentariler Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyňlygyny, hasabatlylygyny hem-de inklýuziwligini üpjün edip, hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň gatnaşmagy milli we sebit derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri utgaşdyrmaga ýardam berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin zerur şert bolup durýar. Şeýle hem DÇBÖBD-niň parlamentleri maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde we baha bermekde esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda ýüze çykarmaga we strategik ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Parlamentariler özleriniň kanun çykaryjylyk we gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirmegiň netijesinde, maýa goýumlar hem-de innowasiýalar üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýärler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň Parlamentara Bileleşik bilen hyzmatdaşlykda guran bu giň möçberli forumyna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy foruma gatnaşyjylary mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilip, bu maslahatyň güneşli Türkmenistanda geçirilmegine hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyza bildirilen uly ynamyň we hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrýan Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigi parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti, energiýa serişdeleriniň we üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi babatda ençeme Kararnamalary kabul etdi. Bu Kararnamalar degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygy berkitmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen tutumly işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy çykyşynda ýurdumyzyň ulag ulgamynda alyp barýan syýasatyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilýän tagallalara öz mynasyp goşandyny goşup, bu ugurdaky esasy halkara namalary ykrar etdi we olara goşuldy. Olaryň hataryna Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda, Ýük markasy barada, Gämileri ölçemek barada, Halkara raýat awiasiýasy babatda bikanun hereketlere garşy göreşmek hakynda Konwensiýalaryny hem-de Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşygy, şeýle hem beýleki ylalaşyklary we konwensiýalary görkezmek bolar. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň milli kanunçylygymyza girizilmegi Türkmenistanyň halkara hukuk, syýasy we ykdysady giňişlige üstünlikli goşulyşmagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahata gatnaşýanlaryň giň wekilçilikli düzümi, ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň wajyplygy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleriň hem-de maksatlaryň umumadamzat ähmiýetlidigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima söz berildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parlamentarilere ýüzlenip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň kabul edilmeginiň möhüm tapgyry alamatlandyrýandygyny belledi. Maksatnamada bu döwletleriň meselelerini durnukly ösüşiň we düzümleýin özgertmeleriň hereketlendiriji güýjüne öwürmek boýunça anyk meýilnama beýan edilýär.

Bellenilişi ýaly, parlamentariler kanun çykaryjylyk, gözegçilik işi we býujet çözgütleri arkaly ählumumy borçnamalary milli derejede durmuşa geçirmäge konstitusion ygtyýarlyklara eýedirler. Hereketleriň Awaza maksatnamasy parlamentleri bu resminamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmäge, degişli kanunlary kabul etmäge we hiç kimiň çetde galmazlygyny üpjün etmäge çagyrýar.

Rabab Fatima bu forumyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we ösüşi üpjün etmekde parlamentleriň eýeleýän möhüm ornuny tassyklamak üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny nygtap, hemmeleri deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň yzygiderli ösmegi üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Başlygy Filemon Ýang çykyş edip, ählumumy borçnamalary milli derejede durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän möhüm ornuny belledi.

Nygtalyşy ýaly, parlamentler Hereketleriň täze maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny anyk çärelere öwrüp, onuň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm orun eýelärler. Döwleti dolandyrmagyň çäklerinde parlamentler söwdany, infrastrukturany, innowasiýalary ösdürmäge, şeýle hem sebit integrasiýasyny we arabaglanyşygy giňeltmäge ýardam berýän hukuk binýadyny döredýärler. Syýasat we býujet işlerinden başga-da, döwlet bilen raýatlaryň arasynda köpri bolup hyzmat edýärler. Şeýle hem durnukly ösüşiň esasy bolan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda parlamentlere wajyp orun degişlidir.

Parlamentleriň has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, Filemon Ýang belledi hem-de ähli parlamentleri bu ugurda kanunlary kabul etmäge we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik işine işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Munuň özi halkara jemgyýetçiligiň we Baş Assambleýanyň borçnamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň kepili bolar.

Parlamentara Bileleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikailowa hemmeleri mähirli mübärekläp, bu möhüm forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, biz bu gün bu ýere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga ýygnandyk. Parlamentara Bileleşik ençeme ýyllaryň dowamynda bilelikde guralýan maslahatlary ulanmak arkaly durnukly ösüş ulgamynda innowasiýalara ýardam etmek maksady bilen, netijeli işleri alyp barýar. Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly we inklýuziw ösüşi tizleşdirmäge ýardam berýän netijeli mehanizmleri özünde jemleýär. Kanun çykaryjy edaralar hökmünde bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak parlamentleriň borjudyr diýip, Parlamentara Bileleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikailowa belledi.

Plenar mejlis tamamlanandan soňra, foruma gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra forum öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

Hereketleriň Wena maksatnamasyndan Awaza maksatnamasyna geçişe hemmetaraplaýyn seljerme bermäge bagyşlanan mejlisde Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler, şeýle hem Hereketleriň täze onýyllyk maksatnamasynyň çäklerinde peýdaly boljak tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar parlamentarileriň kanun çykaryjylyk, wekilçilik we gözegçilik wezipeleri arkaly Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli geçirilmegini üpjün etmekde eýeleýän ornuna ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, parlamentler serişdeleri çekmekde, syýasatyň kanunçylyk binýadyny döretmekde we onuň berjaý edilişine gözegçilik etmekde möhüm orun eýeleýärler. Bu bolsa DÇBÖBD-niň meseleleri bilen baglylykda aýratyn wajyp bolup durýar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda bu ýurtlaryň Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýüzbe-ýüz bolan esasy meseleleri barada durlup geçildi. Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasyndaky we halkara guramalaryň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem DÇBÖBD-ne mahsus zerurlyklar barada habarlylygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gazanylan üstünlikler bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durnukly ösüş, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary we innowasion maliýe mehanizmlerini ilerletmek, tehnologiýalara elýeterliligi giňeltmek üçin açýan täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentariler syýasatyň aýdyňlygyny we hasabatlylygyny üpjün etmek üçin özleriniň ygtyýarlyklaryny ulanmak arkaly bu başlangyçlary ilerletmekde esasy orny eýelemelidirler.

BMG-niň düzüm birlikleri, ösüş boýunça hyzmatdaşlar hem-de raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk arkaly parlamentiň mümkinçiliklerini giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, şeýle köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklar tejribe alyşmaga, hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de netijeli býujet syýasatyny alyp barmaga ýardam berýär. Şeýle hem infrastruktura, döwlet hyzmatlary ulgamyna hem-de howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşan ösüşe maýa goýumlary höweslendirmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentariler şeýle taslamalar durmuşa geçirilende durnukly we inklýuziw ösüşi üpjün etmek üçin hasabatlylygyň berjaý edilmeginiň zerurdygyny bellediler.

“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny döretmek hem-de pugtalandyrmak” atly mowzuklaýyn mejlisde oňa gatnaşyjylar Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleriniň netijeliligini üpjün etmekde parlamentleriň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu düzgünleriň ählumumy häsiýete eýedigine garamazdan, olar diňe milli derejede tassyklanyp, ornaşdyrylandan soňra güýje girýär.

Bilermenler hem-de parlamentariler halkara söwdany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ykdysady abadançylygyň we inklýuziw ösüşiň möhüm şerti hökmünde bellediler. Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga parlamentleriň işjeň gatnaşmagynyň zerurdygy nygtaldy. Söwda geleşiklerine parlament gözegçiligini amala aşyrmagyň mehanizmlerine aýratyn üns berildi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda soňky onýyllyklarda dünýäde uly özgerişliklere getiren we serhetüsti söwda üçin täze şertleri döreden sanly söwdanyň ösmegi bilen baglanyşykly mümkinçiliklere garaldy. Foruma gatnaşyjylar DÇBÖBD-niň sanly ykdysadyýetde degişli kanunçylyk binýadynyň kabul edilmegini talap edýän käbir meselelere duş gelýändiklerini bellediler.

Parlamentariler dünýä ykdysadyýetinde söwda syýasatynyň üýtgäp durýan häzirki şertlerinde bu ýurtlaryň ählumumy söwda ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, erkin söwdany üpjün etmäge gönükdirilen kanunçylyk çäreleriniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, mejlisde DÇBÖBD-de sanly söwdany we sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de köptaraplaýyn söwda ylalaşyklaryny has netijeli ulanmak boýunça parlamentleriň öňünde durýan wezipeler barada pikir alşyldy. Durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de parlamentiň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Bütindünýä Söwda Guramasy, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahaty ýaly halkara guramalar, şeýle hem ösüş boýunça hyzmatdaşlar, şeýle-de raýat jemgyýeti bilen tagallalaryň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Şeýlelikde, mejlis DÇBÖBD-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde köptaraplaýyn söwda ulgamyny pugtalandyrmaga hem-de parlamentleriň ornuny işjeňleşdirmäge gönükdirilen maslahatlary işläp taýýarlamak we tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boldy.

“Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärçilikli dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşiň şertleri” ady bilen geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli we inklýuziw dolandyryşyň jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakda, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny we Durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmekde ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda çözgütleri kabul etmek işine zenanlary hem-de ýaşlary giňden çekmegiň möhümdigi bellenildi. Munuň özi dolandyryş mehanizmleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar parlamentiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, inklýuziwligi ýokarlandyrmaga, jemgyýetde ynanyşmagy we asudalygy pugtalandyrmaga gönükdirilen düzümleýin özgertmeleriň zerurdygyny nygtadylar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler, olar bilen goňşy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň guraly hökmünde parlament diplomatiýasyny we dialogy ösdürmek boýunça tejribeler hem-de strategiýalar-da ara alnyp maslahatlaşyldy. Inklýuziw we jogapkärçilikli dolandyryşyň diňe bir ýurduň içinde ylalaşyga hem-de ynanyşmaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, durnukly ösüş üçin şertleri döredip, halkara gatnaşyklary hem pugtalandyrýandygy nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar milli hem-de halkara maksatnamalary durmuşa geçirmegiň zerur şerti bolup çykyş edýän syýasy dialogy we sosial jebisligi ilerletmekde parlamentleriň eýeleýän orny barada pikir alyşdylar. Kanun çykaryjylyk işine jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek we olaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak üçin mehanizmleri döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, bu ýurtlarda düzümleýin durnuklylygy pugtalandyrmak we dolandyryşy kämilleşdirmek üçin halkara hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar parlament institutlaryny pugtalandyrmak, durnukly hem-de inklýuziw ösüş üçin şertleri döretmek üçin halkara guramalar we raýat jemgyýeti bilen tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Forumyň jemleýji mejlisinde esasy pikirler hem-de maslahatlar ulgamlaşdyryldy. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentarileriň ornuny pugtalandyrmak üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Parlament Ýüzlenmesi tanyşdyryldy. Onda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin, olara tehniki we maliýe ýardamlaryny, şol sanda degişli halkara guramalar tarapyndan düzümleýin maslahatlaryň we gözükdirmeleriň hem-de mümkinçilikleri artdyrmak üçin serişdeleri işjeňleşdirmek babatda ýardamlaryň berilmegini üpjün etmäge çagyryş beýan edilýär.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa söz berildi. Dostlukly ýurduň parlamentiniň Başlygy hemmeleri mähirli mübärekläp, şeýle möhüm çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Birleşen Milletler Guramasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol guramaçylary bu möhüm maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine bagyşlanan şeýle abraýly halkara forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara dialog üçin hemişe açykdygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem T.Narbaýewa öz çykyşynda 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen döredilen we döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolan sebitiň parlamentara forumynyň ähmiýetini belledi. Bu forum eýýäm ikinji gezek öz mejlislerini üstünlikli geçirdi we goşulyşma, durnukly ösüşe, şol sanda ulag infrastrukturasy ulgamynda ösüşe ýardam bermek üçin netijeli mehanizm hökmünde özüni görkezdi.

Çykyşynyň ahyrynda Özbegistanyň milli parlamentiniň Başlygy foruma gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikleri arzuw etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima forumyň netijelerini jemläp, DÇBÖBD-niň ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek işine ygrarlydyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, forumyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentlerinde zenanlaryň wekilçiligini artdyrmak hem-de ýaşlar, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk etmek üçin resmi mehanizmleri döretmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle işler syýasatyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem şu günki ara alyp maslahatlaşmalar Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän möhüm ornuny aýdyň görkezdi diýip, Rabab Fatima belledi we hemmeleri forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Foruma gatnaşyjylar milli we halkara ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Bu çäre kanun çykaryjy edaralaryň parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi ilerletmekde alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän köptaraply dialog üçin möhüm meýdança öwrüldi. Parlamentariler forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan edip, çäräniň dowamynda öňe sürlen teklipleriň we işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň parlamentarileriň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga goşýan goşandyny artdyrjakdygyna we parlament institutlarynyň halkara giňişlikdäki ähmiýetini ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
04.08
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
04.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
04.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
04.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
04.08
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança
04.08
Durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine bilelikdäki tagallalar
04.08
Ýaşlar durnukly geljegi gurýarlar
04.08
Awaza belent mertebeli myhmanlary garşylaýar
04.08
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy başlady
04.08
Hazar deňziň kenarynda Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady
top-arrow