Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki zaman jemgyýetiniň durmuş abadançylygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň soňky ýyllarda kemala gelen milli nusgasy bu ugurda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Giň gerimli öňüni alyş çäreleri, keselleri irki tapgyrlarda anyklamak we bejermek bu ulgamyň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi ilatyň arasynda keselleriň ýaýrama derejesini peseltmäge, adamlaryň işjeň hem sagdyn ömür dowamlylygynyň artmagyna gönüden-göni ýardam edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, öňüni alyş we tebigy bejeriş usullaryny ulanmak arkaly her bir adama aýratynlykda çemeleşýän lukmançylygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmen topragy munuň üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň oktýabrynda gol çeken Karary bilen “Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” tassyklanylmagy soňky wagtda bu ugurda amal edilen möhüm işleriň biri boldy.
Ilata ýokary hilli bejeriş-anyklaýyş hyzmatlaryny hödürlemek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde sagaldyş ulgamynyň düzüm gurluşy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň amatly howa şertleri, tebigy landşaftlarynyň dürlüligi we serişde mümkinçilikleri, köp sanly kesellerden saplanmaga ýardam edýän mineral suwlary, bejeriş palçyklary milli şypahana ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin oňyn şertleri döredýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylan, ýylyň ähli paslynda hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş toplumlary hereket edýär. Olarda ulanylýan döwrebap sagaldyş usullary, dynç almak we saglygy bejermek üçin döredilen oňaýly şertler saglygy dikeltmäge ýardam edip, bedendäki ýadawlygy aradan aýyrýar hem-de adama güýç-kuwwat berýär.
Häzirki tomusky dynç alyş möwsüminde Ahal welaýatyndaky “Arçman”, “Ýyly suw”, “Bagabat”, Balkan welaýatyndaky “Mollagara”, “Awaza”, ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki “Daşoguz”, Lebap welaýatyndaky “Farap”, Mary welaýatyndaky “Baýramaly”, paýtagtymyzdaky “Berzeňňi” şypahanalary saglygyny dikeltmek isleýän köp sanly adamlary kabul edýär.
Sagaldyş merkezleriniň ylmy-tehnologik taýdan döwrebap üpjünçiligini we olaryň mynasyp derejede işlemegini gazanmak köp möçberde maddy serişdeleri talap edýär. Şoňa görä, döwletimiz munuň üçin ägirt uly maliýe serişdelerini yzygiderli gönükdirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň şypahanalary düýpli döwrebaplaşdyryldy. Düýpli abatlaýyş we gurluşyk işleriniň netijesinde keşbini tanalmaz derejede özgerden şypahanalarymyz tarapyndan dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezlerinden birjik-de kem bolmadyk ýokary hilli hyzmatlar hödürlenilýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňiz kenarynda dynç alşyň köpugurly toplumyny özünde jemleýän innowasion şypahana düzümleri işjeň kemala getirilýär. Diňe bir türkmenistanlylary däl, daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlary hem özüne çekýän deňiz kenarynyň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň esasy maksadydyr. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýokary derejeli şypahana, bejeriş bölümleri bolan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin kottejler, sport toplumlary guruldy. Bu ýerdäki “Awaza” şypahanasy hökmany bejeriş hyzmatlary bilen birlikde, aeroterapiýa (deňiz howasy arkaly bejeriş), gelioterapiýa (Gün şöhlesi arkaly bejeriş), talassoterapiýa (lukmançylyk gözegçiligi esasynda deňiz suwuny we mikroelementlerini ulanmak arkaly bejeriş), algoterapiýa (deňiz suwotulary arkaly bejeriş) ýaly bejeriş usullarynyň giň toplumyny hödürleýär.
Ähli sagaldyş edaralarynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin kitaphanalaryň, internet kafeleriň, restoranlaryň hem-de beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň göz öňünde tutulandygy bellärliklidir. Mundan başga-da, olar üçin ýakyndaky gözel künjeklere gezelençler guralýar.
Milli şypahana ulgamynyň işiniň ähli ýaşdaky adamlaryň — çagalaryň, ýaşlaryň, işe ukyply ilatyň, şeýle-de gartaşan adamlaryň saglygyny berkitmäge gönükdirilendigini nygtamak gerek. Döwrebap derejede hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, lukmançylyk işgärleriniň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şypahanalaryň işgärleri okuw tejribelerini geçmek we hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin ýurtlarda saparda bolýarlar. Şeýle çäreler olara bilimlerini kämilleşdirmäge, tejribe alyşmaga, degişli ulgamda halkara derejede öňdebaryjy gazanylanlary öwrenmäge ýardam edýär.
Bejeriş işinde türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitobejergi usulyna aýratyn üns berilýär. Şypahanalarda hereket edýän fitobarlarda dermanlyk çaýlardyr içgiler hödürlenilýär. Dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda we “Çaý — melhem hem ylham” atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär.
Uzak ýyllaryň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaby şypahana-bejeriş işini ösdürmegiň meselelerine bagyşlanandyr. Halkara ähmiýetli sagaldyş merkezi hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini beýan edýän bu kitapda mineral suwlaryň, bejeriş palçyklarynyň, howanyň, şypahana bejerişiniň dürli usullarynyň adam bedenine ýetirýän oňyn täsiri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzyň şypahanalary, sebitleriň tebigat gözellikleri, köp asyrlardan bäri keseli bejermegiň milli tejribesinde ulanylyp gelnen ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary hakynda gymmatly maglumatlar getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy işinde belleýşi ýaly, türkmen topragynda üsti açylmagyna we ylmy barlaglaryň geçirilmegine garaşýan bejeriş häsiýetli künjekler köpdür. Bu baýlyklaryň häzirki we geljek nesilleriň saglygynyň berkidilmegini, bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmek bilen, halkymyzyň hyzmatynda goýuljakdygy gürrüňsizdir.